Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, kakam öldürilende, aglap, eşiklerini ýüzünden açyp başladym. Adamlar meni saklajak boldular. Ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem muny maňa gadagan etmedi. Haçanda, pylan ejem Fatyma aglamaga başlanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Aglasaňam, aglamasaňam siz ony tä ýerden galdyrýançaňyz perişdeler oňa ganatlary bilen kölege berip durdylar” diýdi”.