"Bera ibn ‘Azybdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize ýedi zady emr etdi, ýedi zady hem gadagan etdi: Ol bize: Merhumyň tabydyny ugratmaklygy, hassany soramaklygy, çagyran adamyň çakylygyna barmaklygy, zulum edilene ýardam etmekligi, kasam edeniň kasamyny amala aşyrmaklygy üçin oňa kömek etmekligi, salama jogap bermekligi we asgyryp “Alhamdulilläh” diýen adama “Ýarhämukallah!” diýmekligi, bize emr etdi.
Şeýle hem Ol bize: Kümüş gap-çanaklary ulanamaklygy, altyndan ýüzük dakynmaklygy, ýüpek, dibaj, kassiý we istabrak matalary (egi-eşikleri) ulanmaklygy gadagan etdi”.
"
“• Meselem, “Allahdan ant içýärin sen hökman bizde nahar iýersiň” diýip ant içse, andyny ýerine getirmegi üçin onuň naharyndan iýmelisiň.
• Dibaj, kassiý we istabrak bular ýüpek matalaryň görnüşleri.
”