"Sahl ibn S’ad Es-Sa‘ydydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Benu ‘Amr ibn ‘Auwf taýpasynyň aralarynda bir düşünişmezligiň dörändigi hakyndaky habar gelip ýetdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir topar sahabalary bilen bilelikde olaryň arasyny ýaraşdyrmak üçin çykyp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol ýerde eglenmeli boldy. Namazyň wagty geldi. Bilal Ebu Bekriň (Allah olardan razy bolsun) ýanyna gelip: “Ebu Bekr! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem eglendi, sen (adamlara ymam bolup) namaz okap berersiňmi? diýdi. Ebu Bekr: “Howa, eger isleseň bolaýyn!” diýdi.
Bilal kamat aýtdy, Ebu Bekr bolsa, öňe geçip namaza başlamak üçin “Allahu Akbär!” diýdi. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem geldi we saplaryň arasyndan geçip, birinji hatarda durdy. Adamlar el çarpmaga başladylar. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) namaz okan wagty daş-töweregine seretmezdi. Haçanda, adamlar el çarpmalaryny köpeldip başlanlarynda, öwrülip yzyna seretdi we yzynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi gördi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa namazyňy dowam ediber diýip, yşarat bilen emr etdi. Ebu Bekr (Allah olardan razy bolsun) ellerini galdyryp, Allaha hamd etdi. Soňra Ebu Bekr tä, Onuň arkasyna geçýänçä yzlygyna ýöräp birinji hatarda durdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem öňe geçip, adamlara namaz okap berdi. Namaz okap bolandan soňra jemagata ýüzlenip:
“Eý adamlar, size näme boldy, bir zat göreniňizde el çarpmaga başladyňyz. El çarpmak aýallara mahsusdyr. Namazda biriniň dykgatyny çekmek isleseňiz “Subhanallah” diýiň! Çünki kim “Subhanallah” diýse, hökman oňa öwrülip serederler” diýdi. Soňra: “Ebu Bekr! Saňa ýeriňde dur diýip, yşarat edenimde, näme üçin ýeriňde durup, adamlara namaz okap bermediň?” diýdi.
Ebu Bekr oňa: “Ebu Kuhafäniň ogluna, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňüne geçip namaz okamak ýaraşmaz” diýip jogap berdi”.
"