"Kureýbden rowaýat edilmegine görä, bir gün Ibn Abbas, Miswar ibn Mahrama we Abdurrahman ibn Azhar dagylar (Allah olardan razy bolsyn), meni (Kureýbi) Aişanyň ýanyna iberip, şeýle diýdiler: “Biziň adymyzdan oňa salam aýt we ondan ikindi namazyndan soňky iki rekagat nepil namazy hakynda sora, şeýle hem oňa: “Seniň şol namazy okaýandygyň barada bize habar berdiler, emma welin biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ony okamaklygy gadagan edendigini bilýäris, diýip aýt” diýdiler.
Ibn Abbas öz gezeginde şeýle diýdi: “Men Omar ibn Hattb bilen bilelikde, şol namazy okaýan adamlary urardym”.
Kuraýb şeýle diýdi: “Men Aişa radyýallahu anhanyň ýanyna gelip, olaryň ähli aýdan zatlaryny oňa habar berdim. Aişa maňa: “(Sen bu meseläni) bar-da Ummu Selemeden sora!” diýdi.
Men Aişanyň ýanyndan çykyp, olaryň ýanyna geldim we olara Aişanyň jogabyny ýetirdim. Olar meni Aişadan soran zatlarymy Ummu Selemeden soramak üçin onuň ýanyna iberdiler.
Ummu Seleme (Allah ondan razy bolsyn) şeýle diýdi: “Men hakykatdanam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu namazy gadagan edendigini eşitdim, ýöne bir gezek onuň ikindi namazndan soň iki rekagat namaz okanyny gördüm. Şol wagt meniň ýanymda Ensarylaryň Benu Haram taýpasyndan bir näçe aýal bardy. Men onuň ýanyna bir gyrnagy iberip, oňa: “Onuň ýanyna baryp, dur-da: “Ummu Seleme saňa: “Ýa Resulallah! Sen bu iki rekagat namazy bize gadagan edipdiň, ýöne welin özüň ony okap otyrsyň!” diýip aýt” diýdim. Egerde Ol eli bilen yşarat etse, onda gyra süýşip garaşyber! diýdim”.
Ummu Seleme şeýle diýdi: “Gyrnak diýişim ýaly etdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem eli bilen yşarat etdi. Gyrnak ondan yza çekildi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem namazyny okap bolandan soň şeýle diýdi:
“Eý Umeýýäniň gyzy! Sen ikindi namazyndan soňky (okap oturan) iki rekagat namazym barada sorapsyň. (Munuň sebäbi) Meniň ýanyma Abdulkaýs taýpasynyň adamlary gelip, Meni başagaý etdiler we Men öýle namazyndan soňky iki rekagat namazy okap bilmedim. Şu okan namazym bolsa şol öýle namazynyň soňky iki rekagat sünnetidir” diýdi”.
"