Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sizden biri namaz okamaga duran wagty, şeýtan onuň ýanyna gelip, näçe rekagat okandygyny bilmez ýaly ony bulaşdyryp başlar. Egerde, kim şonuň ýaly ýagdaýa düşse, oturan ýerinden iki gezek sejde (sejde sehw) etsin”.