"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle ýa-da ikindi namazynyň haýsam bolsa birinde iki rekagat okap salam berdi. (Muhammed ibn Sirin Ebu Hureýre “Bu namaz ikindi namazy bolmagy mümkin” diýdi).
Soňra ýerinden turup, mesjidiň öň tarapynda ýatan bir bölek agajyň üstünde elini goýup, oňa ýaplandy. Olaryň arasynda Ebu Bekr bilen Omar hem bardy bardy. Olar hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme hiç zat diýip bilmän çekinip durdylar. Şol wagt käbir adamlar howlugyp (öz aralarynda) “Bu namaz gysgaldymyka?” diýip, çykyp gitdiler. Olaryň arasynda ýene-de (iki eli uzyn bolanlygy sebäpli) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Zul-ýedeýni diýip at dakan adamsy hem bardy. Ol adam: “(Ýa Resulallah!) Ýatdan çykardyňmy ýa-da namaz gysgaldymy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men hiç zady ýatdanam çykarmadym, namazam gysgalmady!” diýdi. Ol: “Ýok, siz unutdyňyz!” diýdi.
Şondan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene iki rekagat namaz okady, soňra salam berdi. Soňra ýene-de “Allahu Akbär!” diýip, öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagrak sejde etdi. Soňra başyny galdyryp: “Allahu Akbär!” diýdi. Soňra ýene-de başyny ýere goýup, “Allahu Akbär!” diýdi we öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagrak sejde etdi. Soňra ýene-de başyny galdyryp: “Allahu Akbär!” diýdi .
"