"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (öýle ýa-da ikindi namazyny) iki rekagat okap, namazdan çykyp gitdi. Zul-ýedeýn Oňa: “Eý, Allahyň Resuly, namaz gysgaldymy, ýa ýatdan çykardyňmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zul-ýedeýniň aýdýanlary dogrumy?” diýip sorady. Adamlar: “Hawa” diýdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup, galan iki rekagat namazyny okady, soňra (iki egnine) salam berdi. Soňra “Allahu Akbär!” diýip, öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagyrak edip sejde (sehw) etdi, soňra başyny galdyrdy”.
Seleme ibn ‘Alkama şeýle diýdi: “Men Muhammed (ibn Sirinden) sejde sehwde teşehhud (ettehiýýäti) barmy?” diýip soradym. Ol: “Ebu Hureýräniň hadysynda ýokdur” diýdi.
"