"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen öýle (ýa-da ikindi) namazyny okap (egnine) salam berdi. Zul-ýedeýn Oňa: “Eý, Allahyň Resuly, namaz gysgaldymy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryna: “Munuň aýdýan zatlary dogrumy?” diýip sorady. Olar: “Hawa” diýdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem galan iki rekagat namazyny hem okap, soňundan sejde sehw (iki sejde) etdi”.
Sa‘d şeýle diýdi: “Bir gezek men ‘Urwata ibn Ez-Zubeýriň agşam namazynyň iki rekagatyny okandan soňra, (ýalňyşyp) egnine salam berip, adamlar bilen gürleşip başlanyny gördüm. Soňra galan bir rekagaty okap, sejde sehw etdi we: “Pygamberimi sallallahu aleýhi wesellem hem şeýle edipdi” diýdi”.
"