"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namaza azan aýdylanda, şeýtan azan sesini eşitmejek bolup yzyna öwrülip, sesli ýel goýbere-goýbere gaçyp gider. Azançy aýdyp bolandan soň, (şeýtan yzyna) gaýdyp geler. Namaza kamat aýdylyp başlanda, ýene yzyna öwrülip gaçyp gider. Azançy kamat aýdyp bolandan soň, ol ýene-de yzyna gaýdyp geler-de, dowamly adamyň ýanynda galyp: “Namazdan öň hiç pikir etmedik zatlaryny ýatladyp başlar. Şeýdip, ol adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmän galar”.
Ebu Seleme ibn Abdurrahman şeýle diýdi: “Eger-de siziň biriňiz muny eden wagty (ýagny namazda näçe rekagat okandygyny ýatdan çykaran wagty) oturan ýerinde iki gezek sejde etsin”. Ebu Seleme muny Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) eşidipdir.
"