"Sa’yd ibn Jubeýrden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“(Bir gezek) men Ibn Abbasa (Allah olardan razy bolsun) “Nawf Al-Bakaliý (Hydyr aleýhissalamyň ýanyna baran) Musa, Ysraýyl ogullarynyň Musasy, (ýagny Musa pygamber) däl. Ol (Musa) başga bir Musa” diýip dawa edýär diýdim. Ibn Abbas şonda şeýle diýdi: “Allahyň duşmany ýalan sözläpdir. Bize Ubeýý ibn Ka’b (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden habar berip şeýle diýipdi: “(Bir gezek) Musa Pygamber Ysraýyl ogullarynyň arasynda wagyz edip durka, ondan “Adamlaryň içinde iň alym adam kim?” diýip soradylar. Ol “Iň alym – men!” diýip jogap berdi. (“Iň alym adamyň kimdigini Allahyň özi gowy bilýändir” diýip, aýtmadygy üçin) Allah oňa (Musa) käýinç berdi. Hem-de Allah oňa “Iki deňziň birleşýän ýerinde bendelerimden bir bendäm bardyr, ol senden has alymdyr!” diýip wahy etdi. Musa “Ýa Robb! Men ony nädip tapyp bilerin?” diýip sorady. (Allah tarapyndan): “Bir sebede balyk goý-da (ýola düş.) Sen ony nirede ýitirseň, ony hem şol ýerden tapyp bilersiň” diýildi.
Musa sebede balyk salyp, hyzmatkäri Ýuşa’ ibn Nun bilen ýola düşdiler. Bir gaýanyň (daşyň) ýanyna baryp ýetenlerinde, başlaryny goýup uklap galdylar. Balyk sebetden çykyp, deňizde bir ýol tutup (suwa girip) gitdi. Bu Musany we onuň hyzmatkärini geň galdyrdy. Soňra olar ýene-de ýola düşdiler. Olar şol gijäniň galan bölegini hem-de (ertesi) uzakly gün ýol ýörediler. Daň atanda, Musa hyzmatkäri – (ýaş ýigide) “Biziň (guşluk) naharymyzy getir. Hakykatdanam, biz bu ýolçulykdan juda ýadadyk” diýdi. Musa özüne aýdylan ýerden geçip gaýdýança, ýadawlygy duýmandy. Hyzmatkäri (ýaş ýigit) oňa {Gördüňmi, ýaňy daşyň ýanynda (dynç alanymyzda), ol balygy ýatdan çykarypdyryn} diýdi. Musa oňa {Ine, biziň gözleýän zadymyz hem şo-da” diýdi hem-de olar yzlaryna, gaýdan ýerlerine öwrüldiler}. Daşyň ýanyna gelenlerinde, eşiklerine bürenen (ýa-da eşiklerini geýen) bir adamy gördüler. Musa oňa salam berdi.
Hydyr ondan:
–Seniň ýurduňda beýle salamy nireden bilýärler? diýip sorady.
Ol:
–Men Musa, diýdi.
Hydyr:
–Ysraýyl ogullarynyň Musasymy? diýdi.
Ol:
–Hawa, diýdi.
(Soňra Musa):
–{Maňa özüňe öwredilen peýdaly zatdan ylym öwretmegiň üçin seniň yzyňa düşip bilerinmi?} diýdi.
(Hydyr) oňa:
–{Sen meniň ýanymda (etjek işlerime) sabyr (çydam) edip durup bilmersiň}. Eý, Musa! Mende Allah tarapyndan berlen, emma welin saňa mälim bolmadyk bir ylym bar. Sende bolsa Allah tarapyndan saňa öwredilip, maňa-da mälim edilmedik bir ylym bar, diýdi.
Musa oňa:
{Alla islese, sen meni sabyr edenlerden görersiň. Men seniň diýeniňden çykmaryn} diýdi.
Olar deňziň kenaryndan pyýada ýöräp gitdiler, sebäbi olaryň gämileri ýokdy. Olaryň ýanyndan bir gämi geçdi. Olardan gämä mündürmeklerini haýyş etdiler. Hydyr (aleýhissalam) tanalýan adam bolansoň, olary mugt mündürdiler. Şol wagt bir serçe gelip, gäminiň bir tarapyna gondy we deňizden (çüňki bilen) bir-iki ýuwdum suw içdi. (Muny görüp) Hydyr “Eý, Musa! Meniň we seniň ylmyň Allahyň ylmyndan şu serçäniň deňizden (çüňki bilen) alan suwuça-da azaldyp bilmez” diýdi. Soňra Hydyr (aleýhissalam) gäminiň tagtalaryndan birini goparyp taşlady. Musa oňa ýüzlenip:
–Bizi gämä mugt mündüren adamlary bilkastlaýyn gark etmek üçin gämileriniň (aşagyny) deşdiňmi? diýdi.
Ol:
–{Men saňa “Sen meniň ýanymda (etjek işlerime) sabyr edip bilmersiň diýmändimmi?” diýdi. Ol (Musa):
–Sen, unudan zadym üçin, meni ýazgarma!} diýdi.
Şeýlelikde, (syýahat wagtynda), bu Musanyň ilkinji gezek ýatdan çykaran zady boldy. Bular ýene ýola düşdiler. (Az wagtdan) soň, çagalar bilen oýnap ýören bir oglany gördüler. Hydyr (aleýhissalam) oglanjygyň kellesiniň ýokarsyndan tutup, onuň kellesini eli bilen gopardy.
Musa oňa:
{Sen (nädip) sebäpsiz ýere bigünä adamy öldürdiň? diýdi.
Hydyr oňa:
–Men saňa “Sen meniň ýanymda (etjek işlerimde) sabyr edip, durup bilmersiň diýmedimmi näme? diýdi.
Olar soň (ýene-de) ýöräp gitdiler. Ahyry bir oba baryp ýetenlerinde, (ol obanyň) adamlary olary myhman almakdan ýüz öwürdiler. (Şol obada) ýykyljak bolup duran bir diwar (bardy. Bular ony) gördüler. (Hydyr) ol diwary derrew eli bilen dikeldip, (ony gowy edip oňardy.)
Musa oňa:
–Sen bu işiň üçin hak hem alyp bilerdiň, diýdi.
(Hydyr) ýene-de oňa:
–Ine, bu indi biziň aýrylyşmaly (wagtymyz geldi) diýildigidir} diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
–Allah Musa (pygambere) rehim etsin. Käşgä sabyr etse-di, Allah Kuranda olar hakda köp zatlar gürrüň bererdi”."