"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjidiň kybla tarapynda tüýkülik gördi. Mesjiddäki adamlara gaty gahary gelip, şeýle diýdi: “Elbetde, )namaza duran wagtyňyz( Allah Tagala siziň öňüňizdedir. Şonuň üçin hiç kim namaz okap duran wagty, tüýkürmesin”. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberden düşüp ony eli bilen gazap aýyrdy”.
Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýdi: “Eger-de siziň biriňiz tüýkürmekçi bolsa, onda çep tarapyna tüýkürsin!”.
"