1212

11-nji bap

1212

11-nji bap

1212

11-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Gün tutuldy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaza durdy we uzyn bir süre okady. Soňra rukuga egilip, rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra rukugdan başyny galdyryp, başga bir süre okap başlady. Soň ýene rukuga egildi we rukugdan başyny galdyryp sejdä gitdi. Soňra ikinji rekagatda-da edil birinji rekagatdaky ýaly etdi. Soňra hem şeýle diýdi: “Elbetde, bular (Gün bilen Aý) Allahyň alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Siz bularyň tutulanyny göreniňizde, tä, açylýança namaz okaň. Hakykatdanam, men şu duran ýerimden maňa wada berilen zatlaryň ählisini gördüm. Hatda, (namaz okap durkam) meniň öňe tarap gidenimi göreniňizde, men Jennetden bir hoşa üzüm ýolup aljak boldum. Yza çekilenimi göreniňizde bolsa, jähennemiň biri-birini ezip duruşyny gördüm. Ýene-de, men jähennemde ‘Amr ibn Luhaýyň öz beren wadasyny berjaý edip, düýeleri boşadyp meýdana göýberip duranyny, gördüm”. "

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ مُقَاتِلٍ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، أَخْبَرَنَا يُونُسُ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، عَنْ عُرْوَةَ، قَالَ: قَالَتْ عَائِشَةُ خَسَفَتِ الشَّمْسُ، فَقَامَ النَّبِيُّ ﷺ فَقَرَأَ سُورَةً طَوِيلَةً، ثُمَّ رَكَعَ فَأَطَالَ، ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ، ثُمَّ اسْتَفْتَحَ بِسُورَةٍ أُخْرَى، ثُمَّ رَكَعَ حَتَّى قَضَاهَا وَسَجَدَ، ثُمَّ فَعَلَ ذَلِكَ فِي الثَّانِيَةِ، ثُمَّ قَالَ: «إِنَّهُمَا آيَتَانِ مِنْ آيَاتِ اللَّهِ، فَإِذَا رَأَيْتُمْ ذَلِكَ فَصَلُّوا، حَتَّى يُفْرَجَ عَنْكُمْ، لَقَدْ رَأَيْتُ فِي مَقَامِي هَذَا كُلَّ شَيْءٍ وُعِدْتُهُ، حَتَّى لَقَدْ رَأَيْتُ أُرِيدُ أَنْ آخُذَ قِطْفًا مِنَ الجَنَّةِ، حِينَ رَأَيْتُمُونِي جَعَلْتُ أَتَقَدَّمُ، وَلَقَدْ رَأَيْتُ جَهَنَّمَ يَحْطِمُ بَعْضُهَا بَعْضًا، حِينَ رَأَيْتُمُونِي تَأَخَّرْتُ، وَرَأَيْتُ فِيهَا عَمْرَو بْنَ لُحَيٍّ وَهُوَ الَّذِي سَيَّبَ السَّوَائِبَ.»

Salgylanma:

Şeýle düýä “Säibe” diýilýär. ‘Amr ibn Luhaý araplaryň içinde ilkinji bolup, egerde ybadat edýän butlary haýsydyr bir meselede oňa kömek etse, onda onuň hormatyna birnäçe düýeleri erkinlige goýberjekdigine wada berer eken. Şonuň üçin hem ol dowzaha düşdi.