Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okap otyrka, Onuň Kybla tarapyna aýaklarymy uzadyp ýatardym. Sejde etjek wagty, meni (eli bilen) dürterdi, menem aýaklarymy ýygnardym. Dik turandan soň, ýene-de aýaklarymy uzadardym”.