"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir aýal ogly ybadathanada (namaz okap durka) “Eý Jureýj!” diýip çagyrdy. Jureýj: “Allahym! Ejeme jogap bereýinmi ýa-da namazymy dowam edeýinmi” diýdi. Ejesi ýene-de: “Eý Jureýj!” diýip gygyrdy. Jureýj ýene-de: “Allahym! Ejeme jogap bereýinmi ýa-da namazymy dowam edeýinmi” diýdi. Ejesi (jogap almandan soň) ýene-de: “Eý Jureýj!” diýip (üçünji gezek) seslendi. Jureýj ýene-de: “Allahym! Ejeme jogap bereýinmi ýa-da namazymy dowam edeýinmi” diýdi. Soňra ejesi: “Allahym! Meniň oglumyň janyny tä, bozuk, azgyn aýallaryň ýüzüne seredýänçä alma!” diýip, bet doga etdi.
Goýun bakyp ýören bir çopan aýal Jureýjiň ybadathanasyna gelerdi. Bir gün ol aýal çaga dogurdy. Adamlar: “Bu çaga kimden?” diýip soranlarynda, “Jureýjden, ol ybadathanasyndan düşip, hamyla etdi” diýdi.
Haçanda bu habar Jureýje baryp ýetende: “Şol menden çaga dogurdym diýen aýal nirede?” diýip sorady. Jureýj ol çaga ýüzlenip: “Eý Babus! Seniň kakaň kim? diýip sorady. Çaga: “Goýun çopany” diýdi.
"