Abdulla ibn Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Ilki-ilkiler) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme namaz okap duran wagty salam beremizde ol biziň salamymyza jogap bererdi. Ýöne soň, Nejjaşynyň ýanyndan gaýdyp gelenimizde welin, salam berenimizde, salamymyza jogap bermedi. (Soňra namaz okap bolandan soň): “Elbetde, adam namazda wagty (has wajyp bir iş bilen) meşgul bolýandyr” diýdi”.