"Ibn Abbasyň ozal azat eden guly bolan Kureýbden habar berilmegine görä, Abdulla ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) oňa habar berip şeýle diýipdir: “Bir gije mu’minleriň enesi, daýzam Meýmunanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda galdym. Men düşegiň üstünde keseligine ýatdym. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolsa aýaly bilen (ýerlerine geçip), düşegiň boýuna, uzynlygyna ýatdylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem takmynan gijäniň ýarsyna (ýa-da biraz irräk, ýa-da gijräk wagta) çenli ýatdy. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (ukudan oýanyp, ýatan) ýerinden turup oturdy we elleri bilen ukusyndan açylmak üçin ýüzüni süpürip başlady. Soňra “Äli-Ymran” süresiniň soňky on aýatyny okady. Ondan soň turup, asylgy duran suwly tulumdan gowy edip täret alyp, soň turup, namaz okap başlady”.
Abdulla ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýdi: “Men hem turup, edil onuň edişi ýaly etdim we gidip, onuň çep tarapynda namaza durdum. Ol sag elini meniň kellämiň üstünde goýdy we sag gulagymdan tutup, (ýuwaşja) owkalady. Soňra iki rekagat namaz okady, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat okady. Ondan soň bir rekagat witr namazyny okady. Soňra azançy gelýänçä, geçip uzanyp ýatdy. Soňra turup, iki rekagat ýeňilje namaz okady, ondan soň (öýünden) çykyp, (mesjitde) ertir namazyny okady”.
"