"Abdulmelikden rowaýat edilmegine görä, ol Ziýadyň hyzmatkäri bolan Kazaa‘dan eşiden zadyny gürrüň berip şeýle diýdi: “Men Ebu Sa’yd El-Hudrynyň (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden dört zat hakynda eşidip gürrüň berenini eşitdim, şol dört zat meni haýran galdyrdy we men olary haladym” diýdi.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdan şol dört zady şulardyr): “Hiç bir aýal maşgala adamsy ýa-da ýakyn garyndaşy ýanynda bolmasa, iki günlik ýola sapara çykmasyn! Şu iki günde, ýagny Remezan baýramy bilen Gurban baýramynda agyz beklemek bolýan däldir. Iki namazdan soň namaz okamak bolýan däldir; Ertir namazyndan soň, tä gün dogýança we ikindi namazyndan soň tä, gün ýaşýança. (Ybadat etmek, namaz okamak üçin) üç mesjitden başga hiç bir ýere sapara gidilmez: Mesjidul-Haram, Aksa mesjidi we Meniň mesjidim ”.
"