"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Adamlar “Ebu Hureýre köp hadys rowaýat edýär” diýip gürrüň edýäler. Eger-de Allahyň Kitabyndaky şu iki aýat bolmadyk bolsady, men hiç bir hadysy aýdyp bermezdim” diýip, soňra şu aýady okady: “Takyk, Biziň inderen äşgär delillerimizi we Kitapda ynsanlara anyk görkezenimizden soň, dogry ýolumyzy gizleýänleri, Allahyň (näletleýşi ýaly), ähli näletleýjiler hem olary näletlärler. Emma Men toba edip, özlerini düzedenleriň we (hakykaty äşgär) beýan edenleriň tobalaryny kabul ederin. Men tobalary kabul edijidirin, Rehim - şepagatlydyryn” {Bakara:159–160}.
Muhaçir doganlarymyz bazarlarda söwda-satyk bilen meşgul bolardylar. Ensary doganlarymyzy bolsa mal-baýlyklary meşgul ederdi. Ebu Hureýre bolsa garnyny doýrup bilse, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndan aýrylmazdy. Olaryň barmadyk ýerlerine barardy, ýatda saklap bilmejek zatlaryny hem ýatda saklardy”. "