1179

33-nji bap

1179

33-nji bap

1179

33-nji bap

"Enes ibn Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol “Men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “(Bir gezek) Ensarylardan bir semiz adam (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme): “Ýa Resulallah, men Seniň bilen namaz okamaga gelip bilmeýärin” diýdi. Soňra (bir gün) ol adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin nahar bişirip, Ony öýüne çagyrdy we Onuň üçin bir boýranyň bir tarapyna suw sepip düşäp goýdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň üstünde iki rekagat namaz okady”. Al-Jarud (tiresinden) bir adam Enesden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guşluk (duha) namazyny okardymy?” diýip soranda, Enes: “Şol günden başga, Onuň şeýle bir namaz okanyny görmedim” diýdi. "

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ الجَعْدِ، أَخْبَرَنَا شُعْبَةُ، عَنْ أَنَسِ بْنِ سِيرِينَ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ الأَنْصَارِيَّ، قَالَ: قَالَ رَجُلٌ مِنَ الأَنْصَارِ - وَكَانَ ضَخْمًا - لِلنَّبِيِّ ﷺ: إِنِّي لاَ أَسْتَطِيعُ الصَّلاَةَ مَعَكَ، فَصَنَعَ لِلنَّبِيِّ ﷺ طَعَامًا، فَدَعَاهُ إِلَى بَيْتِهِ وَنَضَحَ لَهُ طَرَفَ حَصِيرٍ بِمَاءٍ، «فَصَلَّى عَلَيْهِ رَكْعَتَيْنِ» وَقَالَ فُلاَنُ بْنُ فُلاَنِ بْنِ جَارُودٍ لِأَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَكَانَ النَّبِيُّ ﷺ يُصَلِّي الضُّحَى؟ فَقَالَ: «مَا رَأَيْتُهُ صَلَّى غَيْرَ ذَلِكَ اليَوْمِ».