"Seýf men Mujähidden şeýle eşitdim, diýipdir “(Bir gezek) bir adam Ibn Omaryň öýüne gelip: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň içine girdi” diýdi. Ibni Omar şeýle diýdi: “Men ylgap, şol ýere bardym, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem eýýäm (Käbäniň içinden) çykan eken. Men ol ýerde Bilaly gördüm. Ol (Käbäniň) gapysynyň ýanynda dik duran eken. Men Bilaldan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň içinde namaz okadymy?” diýip soradym. Ol “Hawa” diýdi. Men ondan: “Nirede okady?” diýip soradym. Ol: “Şol iki sütüniň arasynda okady, soňra daşary çykyp, Käbäniň öňünde (ýagny makamy Ibrahymyň arkasynda) iki rekagat namaz okady” diýdi”.
Ebu Hureýre (Allah olardan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa iki rekagat guşluk namaz okamaklygy wesýet etdi” diýdi.
‘Ytban şeýle diýdi: “Gün dogandan soň Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) bilen meniň ýanyma geldi. Biz onuň arkasynda hatar bolup durdyk, Ol iki rekagat namaz okady”.
"