"Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Kurandan bir süre öwredişi ýaly bize ähli işlerimizde istihara etmekligi öwrederdi we şeýle diýerdi: “Sizden biriňiz bir zat etmek islese, parz namazyndan başga iki rekagat namaz okasyn, soňra şeýle (doga-dileg) etsin:
“Allahummä inni ästähirukä bi’ilmikä wä ästäkdirukä bikudrätikä wä äsälukä min fadlikäl-‘azym. Fäinnäkä täkdiru wälä äkdiru wä tä’alämu wälä ä’alämu wä äntä ‘Allämul guýub. Allahummä iň kuntä tä’alämu ännä häzäl ämro hoýrun li fi dini wä mä’aşi wä ‘akibäti ämri ( äw: ‘Ajili ämri äw äjilihi) fäkdurhu li wä ýässurhu li summä bärik li fihi, wä iň kuntä tä’alämu ännä häzäl ämro şärrun li fi dini wä mä’aşi wä ‘akibäti ämri ( äw: ‘Ajili ämri äw äjilihi) fäsrifhu ‘anni wäsrifni ‘anhu wäkdurliýäl-hoýrä häýsu känä summä ärdyni bihi ”. – Şondan soň isleýän zadyny aýtsyn.
(Allahym! Seniň hemme zady bilýändigiň üçin maňa nämäniň haýyrly boljagyny bildirmekligiňi we gudratyňdan meni hem kuwwatlandyrmagyňy soraýaryn. Men Seniň beýik fazly-keremiňden dileýärin. Çünki Seniň güýjüň hemme zada ýeter, meniňki ýetmez. Sen hemme zady bilýänsiň, men bilmeýärin. Sen ähli gaýyp zatlary hem bilýänsiň. Allahym! Eger-de, bu meseläniň dinim üçin, durmuşym we ahyretim üçin haýyrly boljakdygyny bilýän bolsaň (ýa-da häzir ýa-da geljekde haýyrly boljagyny bilýän bolsaň), onda muny maňa nesip etdirip maňa aňsatlaşdyr we ony maňa mübärek et! Eger-de, bu işiň, meseläň dinim üçin, durmuşym we ahyretim üçin erbet boljakdygyny bilýän bolsaň (ýa-da häzir ýa-da geljekde erbet boljagyny bilýän bolsaň), onda ony menden, meni hem ondan daşlaşdyr. Haýyr nirede bolsa ony maňa nesip edeweri, soňra onuň bilen meni kanagatlandyryp, razy et)”.
"