"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň käbir aýlarda uzak wagtlap agyz beklemeýşini göreniňde, Ol bu aýda agyz beklejek däl ýaly-la diýip pikir ederdik. Kämahallar bolsa, şeýle bir (köp) agyz beklärdi welin, biz bu aýda agzyny açjak däl ýaly-la, diýip pikir ederdik.
Onuň gijelerine namaz okap duruşyny göresiň gelse, sen ony hökman şol ýagdaýda görüp bilerdiň. Gije ýatan wagtyny göresiň gelse, ony hem hökman görüp bilerdiň”.
"