"‘Ubeýdulla ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ölüm ýassygynda ýatyrka), onuň keseli hasam agyrlaşan wagty: “Maňa ýazar ýaly bir zat getirip beriň, men size bir kitap ýazyp bereýin, şondan soň siz hiç haçan azaşmarsyňyz”diýdi.
Omar (ibn Hattab) şonda: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň keseli hasam erbetleşdi, biziň elimizde Allahyň Kitaby bar ahyryn, bu bize ýeterlikdir” diýdi.
Ol ýerdäki adamlar (öz aralarynda düşünişip bilmän dawa edip) başladylar, goh galmagal turdy. Şonda (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: “Gidiň meniň ýanymdan, meniň ýanymda jedel edilýän däldir”. Ibn Abbas “Allahyň Pygamberi bilen onuň (ýazmak isleýän) kitabynyň arasyna düşmek, nähili uly betbagtçylykdyr” diýip çykyp gitdi”."