1128

5-nji bap

1128

5-nji bap

1128

5-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem haýsam bolsa bir amaly (ybadaty) etmegi gowy görýändigine garamazdan, beýleki adamlaryň hem ony edip, soňra olaryň boýunlaryna şol amalyň parz edilmeginden gorkup, taşlan amallary bolupdyr. (Ine, şol sebäpli hem) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hiç haçan guşluk namazyny okamady, ýöne men welin hemişe ony okaýaryn”. "

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، عَنْ عُرْوَةَ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: «إِنْ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ لَيَدَعُ العَمَلَ، وَهُوَ يُحِبُّ أَنْ يَعْمَلَ بِهِ خَشْيَةَ أَنْ يَعْمَلَ بِهِ النَّاسُ، فَيُفْرَضَ عَلَيْهِمْ، وَمَا سَبَّحَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ سُبْحَةَ الضُّحَى قَطُّ وَإِنِّي لَأُسَبِّحُهَا».

Salgylanma:

• Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara şol amal parz edilse, olaryň ony edip bilmän ejizlemeklerinden gorkupdyr.