Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem oturyp namaz okardy we Kurany hem oturan ýerinden okardy. Kurandan otuz (ýa-da kyrk) aýat mukdaryça galanda, ýerinden turup, dik duran ýerinden şol aýatlary okap, soňundan rukuga giderdi. Soňra sejde ederdi. Ikinji rekagatyny hem edil şonuň ýaly ederdi. Namaz okap bolandan soň maňa serederdi, eger men oýa bolsam, meniň bilen gürleşdi. Egerde, uklap ýatan bolsam, onda uzanyp ýatardy”.