"‘Ymran ibn Husoýndan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden oturyp namaz okaýan adam hakynda soradym. Ol şeýle diýdi: “Kim dik durup namaz okasa, bu onuň üçin has gowusydyr. Oturyp okan adama, dik durup okan adamyň ýarty sogaby beriler. Ýatyp okan adama bolsa, oturyp okan adamyň ýarty sogaby beriler”.
Ebu Abdulla (El-Buhary): “Bu ýerdäki ýatyp okan diýdigi, meniň pikirimçe gyşaryp okan, diýdigidir”.
"