Ibn Ebu Leýladan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bize Ummu Häniden başga hiç kim, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň duha ýagny, guşluk namazyny okanyny görendigini habar bermedi. Ummu Häni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Mekge feth edilen güni onuň öýünde gusul alyp, soňundanam sekiz rekagat namaz okandygyny aýdyp berdi. Ol ýene-de: “Men Onuň başga şonuň ýaly ýeňil okan namazyny görmedim, ýöne şeýle-de bolsa, rukugyny we sejdesini doly tamamlap okaýardy” diýdi.