1096

8-nji bap

1096

8-nji bap

Abdulla ibn Dinardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun), saparda wagtynda düýesiniň üstünde oturyp namaz okardy. Düýesi haýsy tarapa ýüzlense-de şol tarapa seredip, ima (üm) bilen namaz okardy we ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem şeýdendigini aýdyp bererdi”.

حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ إِسْمَاعِيلَ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ مُسْلِمٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ دِينَارٍ، قَالَ: كَانَ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا «يُصَلِّي فِي السَّفَرِ عَلَى رَاحِلَتِهِ، أَيْنَمَا تَوَجَّهَتْ يُومِئُ»، وَذَكَرَ عَبْدُ اللَّهِ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ يَفْعَلُهُ.

Salgylanma:

• Düýesiniň üstünde nepil namazlary okardy. Sejdesiniň we rukugynyň ýerine başyny biraz egip ima bilen okardy. Bu hadys ulagyň üstünde nepil namazlary okap bolýandygyna hem-de ulagy haýsy tarap seretse-de şol tarapa seredip okap bolýandygyna delildir. Ýagny, kybladan başga tarapada seredip okap bolýandygyna delildir.