"Ibn Şihäbden rowaýat edilmegine görä, Sälim (Ibn Abdulla ibn Omar) şeýle diýdi: “(Kakam) Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) agşam namazy bilen ýassy namazyny Muzdelifede birleşdirip (jemg edip, bir wagtda) okardy”.
Sälim şeýle diýdi: “Bir gün (Abdulla ibn Omaryň) aýaly Safiýa bint Ebu ‘Ubaýdyň ölli habary gelende, Ibn Omar agşam namazyny gijikdiripdi. Men oňa: “Namaz!” diýip (namazy ýatlatdym), ýöne ol: “Ýöre!” diýdi. Men (ýene): “Namaz!” diýdim, ol (ýene-de): “Ýöre!” diýdi. Iki ýa-da üç mil ýol ýöränsoň, düşüp, (jemg edip) okady. Soňra bolsa: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (ýolda) howlukmaç bolan wagty şeýleräk namaz okanyny gördüm” diýdi.
Abdulla şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýolda) howlukmaç bolan wagty agşam namazyny gijikdirip, üç rekagat okap, soňra (egnine) salam berenini gördüm. Az salymdan soň bolsa, ýassy namazyna kamat aýdylardy we ony iki rekagat edip okardy we soňra (egnine) salam bererdi. Ýassy namazyndan soň bolsa, gijäniň ýarymynda turýança, hiç bir namaz okamazdy”.
"