Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Minada “Hajjatul-wadagda” (hoşlaşyk hajynda) gurbanlyk güni eden wagzynda şeýle diýdi: “Elbetde, siziň şu günüňiziň we şu aýyňyzyň haram bolşy ýaly, siziň ganlaryňyz (janlaryňyz), mallaryňyz (baýlyklaryňyz) we namysyňyz hem biri-biriňize haramdyr. Bu ýere gelenler gelmediklere habar bersin! Aýa! Men (şuny size) ýetirip bildimmi?!” diýip, iki gezek gaýtalady.