"Ebu Şureýhden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men size Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Mekgäni feth, (ýagny müşrüklerden azat) eden gününden bir gün soň aýdan sözi hakda gürrüň bereýin. Men ol sözleri gulaklarym bilen eşitdim, ýüregim bilen belläp goýdum. Men ony aýdan wagty öz gözlerim bilen gördüm. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Allaha hamdu-sena aýdandan soň şeýle diýdi:
“Elbetde, Mekge adamlar tarapyndan däl-de, Allah tarapyndan haram (mukaddes) diýlip yglan edildi. Şonuň üçin Allaha we ahyret gününe iman eden adamyň (şu şäherde) gan dökmegi ýa-da agaçlary kesmegi halal däldir (gadagandyr). Kimdir biri Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu ýerde söweş edendigi sebäpli, rugsat berjek bolsa, oňa “Allah diňe Öz pygamberine rugsat berdi, size rugsat bermedi!” diýip aýdyň. Maňa-da gündiziň belli bir böleginde rugsat berildi. Soňra onuň şu günki mukaddesligi, edil düýnki mukaddesligi ýaly yzyna gaýdyp geldi. Bu ýerdäki (meniň şu sözlerimi eşidenler bu ýerde) bolmadyklara habar bersin!” diýdi”."