Zeýd ibn Halid El-Juheniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Hudeýbiýýede, gije ýagan ýagyşdan soň, biziň bilen ertir namazyny okady. Namaz okap bolandan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlara tarap öwrülip: “Robbuňyzyň näme diýenini bilýärmisiňiz?” diýip sorady. Olar: “Ony Allah we Resuly has gowy biler” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allah Tagala: “Gullarymyň kimi mu’min, kimi kapyr bolup, daňlaryny atyrdylar. Kim: “Allahyň fazly-keremi we rahmeti bilen üstümize ýagmyr ýagdy” diýen bolsa, ine, şol kişi Maňa iman edendir, ýyldyzlara iman eden däldir. Kim-de: “Bize pylan tüýsli, pylan ýyldyzyň batyp-dogmagy bilen üstümize ýagmyr ýagdy” diýen bolsa, ine, şol kişi Maňa iman eden däldir, ýyldyzlara iman edendir” diýdi”.