Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ylym (ortadan ýok edilip) alynýança, ýer titremeler ýygy-ýygydan bolup köpelýänçä, wagt ýakynlaşýança, pitneler ýüze çykýança we “harj” köpelýänçä – bu adam öldürmekdir we baýlygyňyz şeýle bir köpelip suw ýaly bolup akýança, Kyýamat gopmaz”.