"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni hutba okap durka, adamlar ýerlerinden turup: “Ýa Resulallah! Guraklyk geldi, agaçlar gyp-gyrmyzy bolup gurady, mallar gyryldy, ýagyş ýagar ýaly Allahdan dileg edip beräýdä!” diýip gygyrdylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahummä-skynä!” (Allahym! Bize ýagmyr ýagdyr!) diýip iki gezek gaýtalady.
“Allahdan ant içýärin, şol wagt asmanda ýekeje-de bulut ýokdy. Birden bir bulut gök ýüzünde peýda bolup, ýagyş ýagmaga başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberden düşüp namaz okady. Namaz okap bolandan soň ýagyş indiki juma gününe çenli ýagmagyny dowam etdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni hutba okap durka, adamlar: “Jaýlar ýykyldy we ýollar weýran boldy, Allahdan ýagyşyň durmagyny dileg edip beräý-dä!” diýip gygyryp, ses edip başladylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýylgyrdy we soňra: “Allahummä! Hawaläýnä wälä ‘aläýnä!” (Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!) diýdi.
Şeýlelik-de, Medinäniň üstündäki asman açyldy, ýöne daş-töweregine ýagyş ýagmagyny dowam etdirdi, Medinäniň üstüne welin ýekeje damja-da ýagmady. Men Medinä seretdim, onuň töwereginde bulutlaryň bir täç ýaly bolup duranyny gördüm”.
"