"Abdulla ibn Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kuraýşlylar Yslamy kabul etmekde gijä galdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara garşy bet doga etdi. Olara gurakçylyk gelip, olaryň köpüsini heläk etdi. Açlykdan ýaňa olar maslykdyr, süňk iýdiler.
Soňra Ebu Sufýan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) ýanyna gelip: “Eý, Muhammed! Sen adamlara garyndaşlar bilen gatnaşygy saklamagy buýuryp geldiň, seniň kowumyň heläk bolup barýar, Allahdan olar üçin doga-dileg edip beräý!” diýdi.
Ol: “Indi, sen asmandan äşgär ýagdaýda geljek tüsseli güne garaş”. {Duhan:10-16} aýatyny okady.
Soňra kuraýşlylar Allah Tagalnyň (şu aşakdaky aýatynda) aýdyşy ýaly ýene-de kapyrlyga gaýdyp geldiler:
“Biz örän uly zarba urjak (kyýamat) günümizde, elbetde, arymyzy alarys”. {Duhan:16} Şol gün Bedr gününde bolup geçdi”.
Asbat Mansurdan rowaýat eden sözleriniň üstüni şulary goşup getirdi: “Resululullah sallallahu aleýhi wesellem dileg etdi, ýagyş ýagyp başlady we ýedi gün durmady. Adamlar güýçli ýagyşdan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme) şikaýat etdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!” diýdi. Şeýdip, bulutlar Onuň kellesiniň üstünden aýrylyp, Medinäniň töweregindäki ýaşaýanlaryň üstüne ýagmaga başlady.
"