"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Mallarymyz gyryldy, ýollarymyz kesildi, hiç ýere gidip bilemizok, Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem doga etdi we juma gününden indiki juma gününe çenli ýagyş ýagdy.
Soňra ol ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Jaýlar ýykyldy, ýollardan geçer ýaly bolmady, mallar heläk boldy” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahym! Daglaryň başyna, depelere, dereleriň içine we agaçlaryň ösýän ýerlerine (ýagdyr)!” diýdi. Şol bada bulutlar egin-eşigiň ýyrtylyşy ýaly Medineden dargady.
"