"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni dik durup hutba okap durka bir adam münberiň garşysynda ýerleşýän bir gapydan mesjide girdi. Ol adam Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde durup, dik duran ýerinden: “Ýa Resulallah! Mallarymyz gyryldy, ýollarymyz kesildi, hiç ýere gidip bilemizok, Allahdan ýagyş ýagar ýaly dileg edip beräýdä!” diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini asmana göterip şeýle diýdi: “Allahummä-skynä! Allahummä-skynä! Allahummä-skynä!” (Allahym! Bize ýagmyr ýagdyr! Allahym! Bize ýagmyr ýagdyr! Allahym! Bize ýagmyr ýagdyr!).
Enes şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, şol wagt asmanda ýekeje-de bulut, hatda, hiç zat hem ýokdy, biziň bilen Salg dagynyň arasynda hiç bir bina ýa-da jaý ýokdy” diýdi.
Ýene Enes şeýle diýdi: “Birden dagyň arka tarapyndan galkan şekilli bir bulut peýda boldy we asmanyň ortarasyna gelip, (hemme tarapa) ýaýrap gitdi. Soňra bolsa ýagyş ýagdy.
Enes şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, şondan soň alty günläp gün görmedik. Allahyň Resuly indiki juma güni dik duran ýerinden hutba okap durka, şol bir gapydan bir adam girip, onuň garşysyna geçip, dik duran ýerinden: “Eý, Allahyň Resuly, hemme zadymyz weýran boldy, ýollardan geçer ýaly bolmady, ýagyş dynar ýaly Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi.
Enes şeýle diýdi: “Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini asmana göterip: “Allahym! Üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr! Allahym depelere, daglara, belentliklere, jülgelere we agaçlaryň ösýän ýerlerine ýagdyr!” diýip doga etdi.
Enes: “Ýagyş şol bada kesildi. Daşary çykanymyzda gün eýýäm şöhle saçyp durdy” diýdi.
Men Enes ibn Mälikden: “Ikinji juma güni gelen adamam, şol bir adamdymy? diýip soradym. Ol: “Bilmedim” diýdi.
"