"El-Baradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni “Bakyga” gitdi we iki rekagat namaz okady, soňra ýüzüni bize tarap öwürip şeýle diýdi: “Şu gün biziň ilkinji etmeli ybadatymyz, namazdyr . Soňra öýlerimize gaýdyp gurbanlyk mallarymyzy kesmelidiris. Kim şeýle etse, biziň sünnetimize laýyk iş etdigidir. Kimde-kim namaz okamazdan öň gurbanlygyny kesse, bu diňe howlugyp maşgalasyna hödür-kerem etdigi bir zat bolup, onuň gurbanlyk bilen hiç hili baglanşygy ýokdur ”.
Şol wagt bir adam ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Men gurbanlygymy namazdan öň kesipdirin, ýöne meniň bir çebişim bar, ol hatda ýaşyna ýeten geçiden hem gowy!” diýdi. (Allahyň Resuly) oňa: “Kesäý şony, ýöne bu senden soň hiç kime dogry bolmaz!” diýdi.
"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gezek ondan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde baýram namazyna gatnaşyp gördüňmi?” diýip sorapdyrlar. Ibn Abbas: “Hawa, eger-de men Oňa ýakyn (garyndaş) bolmadyk bolsadym, onda meniň ýaşymyň kiçiligi sebäpli ol ýerlerde bolup bilmezdim.” diýdi. (Soňra Ibn Abbas sözüni dowam etdirip şeýle diýdi): “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Kesir ibn Saltyň öýüniň deňindäki bellik edilen (sütüniň) ýanyna gelip, namaz okady soňra hutba aýtdy. Soňra Bilal bilen aýal-gyzlaryň ýanyna baryp, olara-da öwüt-nesihat etdi, olara köp zatlary ýatlatdy we sadaka bermeklerini emr etdi. Soňra men aýallaryň monjuklaryny aýyrmak üçin ellerini boýunlaryna uzadyp, olary Bilalyň eşiginiň üstüne atyp durandyklaryny gördüm. Soňra bolsa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Bilal bilen bilelikde öýüne gaýtdy”.
"Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan baýramy gününde ýerinden turup, namaz okady. Ondan soňra adamlara hutba okady. Ýagny ilki namaz bilen başlady. Soňra hutba okady. Hutba okap bolandan soň, (duran ýerinden) aşak düşdi we zenanlaryň ýanyna geldi. Bilalyň eline daýanyp, zenanlara wagyz etdi. Bilal donuny açyp goýdy, zenanlar bolsa onuň içine sadakalaryny atyp başladylar”.
(Bu hadysy rowaýat eden Ibn Jureýj) men ‘Atadan: “Olar pitre sadakasyny berdilermi?” diýip soradym. Ol: “Ýok, şol wagt olaryň şeýle beren sadakalarydy. Bir aýal ýüzügini zyňdy, onuň yzyndan galan aýallar hem zyňyp başladylar.” diýdi. Men (ýene-de ‘Atadan): “Ymam aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz-nesihatlar edip, olara ýatladyp durmaga borçlumy” diýip soradym. Ol: “Elbetde, bu olaryň borjudyr. (Ýöne) näme üçindir olar muny etmeýärler?” diýdi.
"
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen we Ebu Bekr, Omar, Osman dagylar bilen (Allah olardan razy bolsun) Remezan baýramyna gatnaşyp görüpdim. Olaryň hemmesi hem namazy hutbadan öňürti okardylar. Soňra hutba okalardy. (Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hutbadan soň çykyp, adamlaryň ýerlerinde oturmaklary üçin eli bilen yşarat edişi häzirem gözümiň öňünden gidenok. Soňra Ol Bilal bilen bilelikde erkekleriň hatarlardan geçip, aýallaryň ýanyna bardy we olara şu aýaty okady:
“Eý pygamber! Eger mu’min aýallar (seniň ýanyňa) Allaha hiç hili şärik goşmajakdyklaryna, ogurlyk etmejekdiklerine, zyna etmejekdiklerine, çagalaryny öldürmejekdiklerine, elleri bilen aýaklarynyň arasynda (eden işlerinde) ýalan ýere (başgasyndan dogan ýa-da özüniň binika dogran çagasyny nikaly ärinden bolan diýip) töhmet atmajakdyklaryna, haýyr işlerde saňa garşy gelmejekdiklerine (söz berip) ähti-peýmana gelenlerinde, sen olaryň ähti-peýmanlaryny kabul et” {Mumtahina: 12}.
Bu aýaty okap bolandan soň aýallardan: “Siz bu ähti-peýmanyňyzda durýaňyzmy?” diýip sorady. Içlerinde kimdigi näbelli bolan diňe bir aýal “Hawa” diýip jogap berdi. Ondan başga hiç kim jogap bermedi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onda sadaka beriň!” diýdi. Bilal eşigini ýazyp olara: “Boluň! Enem-atam size gurban bolsun!” diýdi. Aýallar hem ýüzüklerini we halkalaryny Bilalyň eşiginiň üstüne atyp başladylar”.
"
"Hafsa binti Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz öňler baýram günlerinde uly gyzlarymyzyň (baýram namazlaryny okalýan ýerlere) çykmaklaryny gadagan ederdik. Bir gezek Benu Halaf ogullarynyň köşgüne bir aýal geldi. Menem onuň ýanyna bardym. Ol gelen aýal özüniň aýal doganynyň adamsynyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen on iki söweşde söweşendigini we aýal doganynyň hem şol söweşleriň altysynda adamsy bilen bile söweşe gatnaşandygyny aýdyp berdi.
Onuň aýal dogany: “Biz söweşde näsaglara serederdik we ýaralananlary bejerdik” diýipdir. Bir gezek ol: “Ýa Resulallah! Biziň birimiziň jilbaby (ýagny daşary çykanda örtüner ýaly eşigi) ýoklugy sebäpli, (baýram günleri) namaz okalýan ýerlere çykmasa oňa günä bolarmy?” diýip sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Jorasy öz jilbabyndan oňa-da bersin we ol mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsyn!” diýipdir”.
Hafsa binti Sirin şeýle diýdi: “Ummu ‘Atiýa gelende, men onuň ýanyna baryp: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle, şeýle diýenini eşitdiňmi?” diýip soradym. Ummu ‘Atiýa: “Hawa, kakam Oňa gurban bolsun!” diýdi. Ummu ‘Atiýa her gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň adyny tutanda: “Kakam Oňa gurban bolsun!” diýerdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýaş gyzlar, perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlar we haýyzly aýallar (baýram gününde) namaz okalýan ýerlere çyksynlar we mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsynlar. Ýöne haýyzly aýallar namaz okalýan ýerden daşrakda dursynlar” diýdi.
Hafsa: “Men ondan: “Haýyzlylarammy...?” Diýip soradym”. Ol: “Hawa. haýyzlylar näme, Arafa we pylan, pylan ýerlere gatnaşmaýarlarmy näme?” Diýip jogap berdi.
"
Ummu ‘Atiýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz baýram günleri namaz okalýan ýerlere çykmaklyga, şeýle hem haýyzly aýallary, ýaş gyzlary we perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlary hem çykarmaklyga emr edildik. Haýyzly aýallar, mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşarlar, ýöne olar namaz okalýan ýerlerden daşrakda durarlar” diýdi.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adatça gurbanlyk malyny namaz okalýan ýerde nehr ýa-da zebh ederdi”.
"Bara ibn ‘Azybdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, baýram namazyndan soň bize hutba okap şeýle diýdi: “Kimde kim biziň bu namazymyzy okap, ondan soňra biziň gurbanlyk edişimiz ýaly gurbanlygyny kesse, onda ol (gurbanlygyň sünnetine laýyk) iş etdigi bolar. Kimde-kim gurbanlygyny namazdan öň kesse, onda ol ýönekeý et üçin öldürilen bir goýun bolup (gurbanlyk bilen baglanşygy bolmaz we sogabyny gazanyp bilmez)”.
(Muny eşiden) Ebu Burda ibn Niýar ýerinden turup: “Wallahy, ýa Resulallah, men gurbanlyk etjek malymy namaza çykmazdan öň kesdim. Bu günüň iýip-içilýän gündigini bildim-de, howlugyp gurbanlygymy kesdim we ondan özüm iýdim hem-de çagalaryma we goňşularyma berdim” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Bu goýun et üçin öldürilen goýundyr” diýdi. Soňra Ebu Burda: “Ýa Resulallah, onuň ýaly bolsa, meniň heniz ýaşyny doldurmadyk bir urkaçy çebişim bar. Ol iki goýundan hem has gowy bolup görünýär. Onuň damagyny çalsam, meniň gurbanlygymyň ýerini tutup bilermi?” diýip sorady. Ol: “Hawa, bolar. Ýöne bu senden soňra hiç kimiň gurbanlygynyň ornuny tutup bilmez!” diýdi”.
"
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, baýram namazyny okap bolandan soň, hutba okady we kimde kim gurbanlygyny namazdan öň kesen bolsa, täzeden gurbanlyk kesmegi emr etdi”.
Ensarylardan bir adam ýerinden turup: “Ýa Resulallah, meniň bir topar mätäç, aç goňşularym bar, şol sebäpli hem men gurbanlygymy namazdan öň kesdim. Ýöne meniň heniz ýaşyny doldurmadyk bir çebişim bar. Ol meniň gözüme iki goýundan hem has gowy bolup görünýär” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şol çebişi gurbanlyk etmäge rugsat berdi.
"
Jundubdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, (ilki) baýram namazyny okady soňra hutba okady ondan soňra gurbanlyk malyny kesdi we şeýle diýdi: “Kimde kim namaz okamazdan öň gurbanlygyny kesen bolsa, onuň ýerine başga ýene bir gurbanlyk kessin. Kesmedik adam, “Bismilläh” diýip, Allahyň ady bilen kessin!”.