Sa’yd ibn Jubeýrden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Ibn Omaryň dabanynyň aşagyndan naýzanyň ujy geçidi we aýagy üzeňňä ýapyşyp galdy, Şol wagty men onuň ýanyndadym. Men derrew (düýeden) düşdüm-de naýzany onuň aýagyndan çykardym. Bu Minada bolup geçipdi. Hajjaj muny eşidip, ony soramaga geldi. Hajjaj: “Käşgä, seni kimiň ýaralanandygyny bir bilsedik?!” diýdi. Ibn Omar: “Meni ýaralan sensiň!” diýdi. Hajjaj: “Nähili men bolýan?” diýdi. Ibn Omar: “Ýarag göterilmeýän güni ýarag götermäge rugsat berdiň, Harama ýarag salynmazdy, sen bolsaň Harama-da ýarag saldyň!” diýdi.
Sa’yd ibn ‘Amrdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Hajjaj bir gün Ibn Omaryň ýanyna geldi. Men hem şonda onuň ýanyndadym. Hajjaj: “Onuň ýagdaýlary nähili?” diýip sorady. Ibn Omar: “Men gowy” diýdi. Hajjaj: “Seni kim ýaralady?” diýip sorady. Ibn Omar (Hajjajyň özüni göz öňüne tutup): “Meni, ýarag götermek gadagan edilen güni, ýarag götermäge buýruk beren adam ýaralady” diýdi.
"El-Baradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni bize hutba okap şeýle diýdi: “Bu gün ilkinji etmeli işimiz namaz okamakdyr. Ondan soňra öýlerimize gaýdyp, gurban keseris. Kim şeýle etse, sünnetimize laýyk iş etdigi bolar. Kimde-kim namaz okamazdan öň gurbanlygyny kesse, bu diňe howlugyp maşgalasyna berdigi bir etden ybarat bolup, onuň gurbanlyk bilen hiç hili baglanşygy ýokdur ”.
Şol wagt daýym Ebu Burda ibn Niýar ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Men gurbanlygymy namaz okamazdan öň kesdim, ýöne meniň bir çebişim bar, ol hatda bir ýaşamadyk geçiden hem gowy!” diýdi. (Allahyň Resuly) oňa: “Onuň ýerine şony gurbanlyk edäý, ýöne bu senden soň hiç kime jaýyz däldir!” diýdi.
"
“• Ýagny baýram gününde
• Ýagny gurbanlygyň sogabyny alyp bilmez.
• Ýagny baýram namazyna
• Ýagny geçi bir ýaşamasa gurbanlyk edip bolmaz diýdigidir.
”
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gezek şeýle diýipdir: “Başga günleriň hiç birinde şu on günüň içindäki amallardan has gowy hiç bir amal ýokdur”. Adamlar: “Jihäd hem şonça ýokmy?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Jihäd hem şonça ýokdur. Diňe Allah ýolunda janyny we baýlygyny howp astynda goýup, yzyna hiç bir zady getirmedik adamyň jihädi şol amallardan üstündir” diýip jogap berdi.
Muhammed ibn Ebu Bekr As-Sakafiden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Minadan Arafata gidip barýarkak, Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde bolan döwrüňizde nähili ederdiňiz?” diýip, telbiýe hakynda soranymda, ol şeýle diýdi: “Lebbeýk ” diýmek islän kişi “Lebbeýk!” diýerdi, hiç kim hem beýle diýeni üçin zat diýmezdi. “Allahu Akbär” diýip tekbir almak islän kişi-de tekbir alardy. Oňa-da beýle edeni üçin zat diýen bolmazdy”.
Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz aýallara baýram günleri namaz okalýan ýerlere çykmak emr edilerdi. Perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlara çenli, hatda, aýbaşysy gelýän aýal-gyzlara çenli (baýram namazyna gatnaşmak üçin olary öýlerinden) çykarmaklyga emr edilerdik. Olar erkekleriň arka tarapynda durardylar. Olaryň tekbirlerine uýup tekbir alardylar, şol günüň bereketini we (günälerden) päklenmegi umyt edip, olaryň edýän dogalaryna goşulardylar”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Remezan we Gurban baýramy günlerinde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öňünde (sütre hökmünde) hirbe dikilerdi, ondan soňra baýram namazyny okardy”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem baýram güni namaz okalýan ýere gidende, onuň öňünden naýza alnyp gidilerdi we ony namaz okaýan ýerinde, öň tarapynda dikilip goýulardy. Ol hem naýza tarap öwrülip namaz okardy”.
"Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize ýaş gyzlary we perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlary (baýram gününde musulmanlaryň jemagatyna we olaryň edýän doga-dileglerine gatnaşmaklary üçin öýlerinden) çykarmagymyzy emr etdi”.
Eýýub Hafsadan şuňa meňzeş bir hadysy rowaýat edipdir, ýöne Hafsa hadysynda şuny goşup getiripdir: “...Uly gyzlary we perdeleriň aňrysynda oturan kämillik ýaşyna ýeten gyzlary (baýram namazy okalýan ýere çykarmaga emr edildik), ýöne welin haýyzly aýallar namaz okalýan ýerden uzagrakda durardylar”.
"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Remezan baýramy ýa-da Gurban baýramy gününde (namaz okalýan ýere) bardym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okady ondan soňra hutba okady. Soňra aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz etdi, (köp zatlary) ýatlatdy we olara sadaka bermeklerini emr etdi”.