"Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan baýramy we Gurban baýramy günlerinde, elmydama namaz okalýan ýere baryp, ilki bilen namaz okamaga başlardy. Soňra namazdan çykyp, sap baglap oturan adamlaryň garşysyna geçip, dik duran ýerinden olara wagyz ederdi, nesihatlar bererdi we görkezmelerini, buýruklaryny bererdi. Egerde, bir ýere söweş üçin goşun ibermek islese, olary ýola salardy we bir zady buýurmagy islese, ony buýurardy, soňra bolsa çykyp giderdi”.
Ebu Sa’yd El-Hudry sözüni dowam edip şeýle diýdi: “Adamlar sünnete laýyk şu ýagdaýda dowam edip ýörkäler (ýagny namazy hutbadan öň okap ýörkäler), ýa Gurban baýramynda ýa-da Remezan baýramynda, şol wagtlar Medinanyň hökümdary bolan Merwan bilen bilelikde (baýram) namazy okalýan ýere bardym. Namaz okalýan ýere baranymyzda, ol ýerde Kesir ibn Soltyň bina etdiren münberi bardy. Merwan birden namaz okamazdan öň onuň üstüne çykmak isledi. Men derrew onuň eşiginden tutup çekdim, ýöne ol hem eşigini çekip, münbere çykdy we namazdan öň hutba okady.
Men oňa: “Allahdan ant içýärin, sen (sünneti) üýtgediň!” diýdim. Ol maňa: “Eý, Ebu Say’d, seniň şol bilýän zatlaryň indi geçmişde galdy!” diýdi. Menem oňa: “Allahdan ant içýärin, meniň öňki bilýänlerim bilmeýän zatlarymdan has haýyrlydyr!” diýdim. Merwan (özüni aklamak üçin): “Adamlar namazdan soň (hutbany) diňlemek üçin oturmazdylar, şonuň üçin hem men ony namazdan öňürti okadym” diýdi.
"
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban we Remezan baýramlarynda hemişe (ilki baýram) namazyny okardy, hutbany bolsa, namazdan soň okardy”.
‘Ata (ibn Ebu Rabahadan) habar berilmegine görä, ol Jäbir ibn Abdullanyň (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýendigini eşidipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan baýramy gününde namaz okalýan ýere bardy we hutbadan öň namaza başlady”.
Ibn Abbas, Ibn Ez-Zubeýre (Allah olardan razy bolsun) ilki beýgat edilen döwürlerde onuň ýanyna bir adam ugradyp: “Remezan baýramy gününde (baýram) namazy üçin azan aýdylmandygyny hem-de hutbany namazdan soň okalýandygyny habar berdi”.
Ibn Abbasdan we Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, olar şeýle diýipdirler: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe Remezan baýramy gününde-de, Gurban baýramy gününde-de baýram namazy üçin azan aýdylmazdy”.
"Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup, namaz okamaga başlady. Ondansoňra adamlara hutba okady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hutba okap bolandan soň, (duran ýerinden) aşak düşdi we aýallaryň ýanyna geldi. Bilalyň eline daýanyp, zenanlara wagyz etmäge başlady. Bilal donuny açyp goýdy, zenanlar bolsa onuň içine sadakalaryny atyp başladylar”.
(Bu hadysy rowaýat eden Ibn Jureýj bir gezek) ‘Ata ibn Ebu Rabaha ýüzlenip: “Şu günki günlerde-de, ymam (hutbany) okap bolandan soň, aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz etmekligini sen wajyp hasaplaýarsyňmy? diýip sorapdyr. ‘Ata oňa: “Bu olaryň borjudyr. Näme üçindir olar beýle etmeýärler? diýip jogap berdi”.
"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen we Ebu Bekr, Omar, Osman dagylar bilen (Allah olardan razy bolsun) baýram namazyna gatnaşyp görüpdim. Olaryň hemmesi hem namazy hutbadan öňürti okardylar”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem, Ebu Bekr we Omar (Allah olardan razy bolsun) baýram namazlaryny hutbadan öňürti okardylar”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan baýramy gününde iki rekagat namaz okady. Onuň öňündenem, soňundanam hiç hili namaz okamady. Soňra Bilal bilen bilelikde aýallaryň ýanyna baryp, olara sadaka bermegi buýurdy. Aýallar hem özleriniň (dakynyp ýören) gulakhalkalaryny we monjuklaryny zyňyp başladylar”.
"Bara ibn ‘Azybdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bu gün ilkinji etmeli işimiz namaz okamakdyr. Ondan soňra öýlerimize gaýdyp, gurban keseris. Kim şeýle etse, sünnetimize laýyk iş etdigi bolar. Kimde-kim namazdan öň gurbanlygyny kesse, bu diňe maşgalasyna et iýdirmek üçin kesen maly bolup, onuň gurbanlyk bilen asla baglanşygy ýokdur ”.
Soňra Ensarylardan Ebu Burda ibn Niýar diýilen bir adam: “Ýa Resulallah! Men (gurbanlygymy namazdan öň) kesdim, ýöne meniň bir ýaşan geçiden hem has gowy bir çebişim bar.” diýdi. (Allahyň Resuly) oňa: “Onuň ýerine şony gurbanlyk edäý, ýöne bu senden soň hiç kime jaýyz däldir!” diýdi.
"