"Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde juma namazyny okap durkak, birden azyk önümlerini getirýän bir kerwen geldi. (Adamlaryň hemmesi diýen ýaly) oňa tarap öwrülip (namazy taşlap) gitdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda diňe on iki adam galdy. Ine, şondan soň şu aýat indi:
“Olar bir söwdany ýa-da bir (biderek) güýmenjäni gören wagtlary, oňa tarap dagap gitdiler we seni dik üstünde goýup gitdiler” {Juma:11}
"
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle namazyndan öň we soň iki rekagat namaz okardy. Agşam namazyndan soň hem öýünde iki rekagat namaz okardy. Ýassy namazyndan soň hem iki rekagat namaz okardy. Juma namazyndan soň tä, mesjitden çykyp öýüne barýança namaz okamazdy. (Öýüne baransoň) iki rekagat namaz okardy”.
Sähl ibn Sa’dden )Allah ondan razy bolsun( rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biziň içimizde bir aýal bardy. Ol bagyndaky suw aryklarynyň töweregine şugundyr ösdürip ýetişdirerdi. Her juma günleri şugundyryň köklerini alyp, gazana atarardy.Soňra bir gysym üwelen arpany onuň üstünden sepip nahar bişirerdi. Şugundyryň kökleri etiň ýerini tutardy. Biz Juma namazyny okap bolanymyzdan soň, onuň ýanyna baryp salam bererdik. Ol hem bize şol nahardan hödür ederdi. Biz şol nahardan çemçeläp iýerdik we onuň şol naharyndan (iýmek üçin) juma gününiň tiziräk gelmegini arzuw edip garaşardyk”.
Sähl ibn Sa’dden )Allah ondan razy bolsun( rowaýat edilmegine görä, ol ýokardaky geçen hadysyň dowamynda şeýle diýipdir: “Biz Juma namazyndan öň günortanlyk naharymyzy iýmezdik we gündizki ukymyzy (kaýlulany) hem almazdyk”.
Enesden )Allah ondan razy bolsun( rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Juma namazyny ir okadyk we soňra günortanky dynç alyş ukymyzy (kaýlulany) alardyk”.
Sähl ibn Sa’dden )Allah ondan razy bolsun( rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen juma namazyny okardyk, kaýlula (ýagny günortanlyk dynç alyş) ondan soň bolardy”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde Nejd tarapa söweşe gidipdim. Duşman bilen gabatlaşanymyzda, olaryň öňünde hatara düzüldik. (Namazyň wagty girende) Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem bize namaz okap bermek üçin namaza durdy. Bir topar sahabalar hem onuň bilen bilelikde namaza durdy. Sahabalaryň beýleki topary bolsa, duşmana tarap öwrülip durdy. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem öz ýanyndakylar bilen bilelikde rukuga bardy we iki gezek sejde etdi. Soňra onuň bilen birlikde namaz okanlar heniz okamadyk toparyň duran ýerine tarap bardylar. Soňra olar hem gelip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzynda durdylar. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem olar bilen rukuga baryp, iki gezek sejde etdi. Soňra (egnine) salam berdi. Soňra ol iki toparyň her biri ýerinden turup, özbaşdak bir gezek rukug we iki gezek sejde etdiler”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Egerde, duşmanlaryň sany musulmanlardan has köp bolsa, onda musulmanlar namazlaryny aýak üstünde-de, at üstünde-de okap bilerler”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamak üçin ýerinden turdy, adamlar hem onuň bilen bile turdylar. Ol tekbir aldy, olaram tekbir aldylar. Soň rukuga egildi, (sahabalaryň) bir topary, Onuň bilen rukuga egildiler. Soňra sejdä gitdi, olaram sejdä gitdiler. Soňra ikinji rekagata galdy, yzyndaky sejde eden sahabalar ýerlerinden turup, (beýleki rukuga gitmedik musulman) doganlaryny goramaga başladylar. Soňra (birinji rekagatda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen rukug we sejde etmedik beýleki topar) gelip, Onuň bilen rukug we sejde etdiler. Bu aralykda jemagatyň hemmesi namazyň içindediler, ýöne biri-birlerini goraýardylar”.
Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Handak” söweşiniň bolan güni Omar ibn Hattab (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, Kuraýş kapyrlaryna sögünip başlady we: “Ýa Resulallah! Zordan (ikindi) namazymy okap ýetişdim, tas Gün batypdy!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wallahi, heniz menem okamadym!” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Buthan” jülgesine bardy we şol ýerde täret aldy. Gün batandan soň (ilki ikindi) namazyny, soňra onuň yzyndan bolsa, agşam namazyny okady”.