Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sowuk güýçlenen zamanlarda namazy ir okardy, gaty yssy düşende-de, howa salkynlaýança, namazy yza çekerdi”. (Enes ibn Mälik bu hadysda Juma namazyny göz öňünde tutandygyny aýdýar.)
‘Abaýa ibn Rifa’a bize şeýle diýdi: “Men bir gün Juma namazyna gidip barýarkam, Ebu ‘Abs (Allah ondan razy bolsun) yzymdan ýetip şeýle diýdi: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Allah ýolunda aýaklary tozana bulaşan adamy, Allah dowzah oduna haram eder!”
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim diýipdir: “Haçanda, namaza kamat aýdylanda, namaza tarap (howlugyp) ylgap-ylgap barmaň, rahatlygy elden bermäň, ýöräp geliň! (Ymam bilen) ýetişen ýeriňizi okaň, ýetişmedik ýeriňizi bolsa, (özbaşdak okap) tamamlaň!”
Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “(Kamat aýdylandan soň, tä,) Meni görýänçäňiz oturan ýeriňizden turmaň we rahatlygy elden bermäň!”
Selman El-Farisiden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir adam Juma güni gusul alyp, elinden geldigiçe arassalansa, soňra hoşboý ýakymly yslardan ýa-da ýaglardan çalnyp, mesjide diýip çykyp gitse, ýanaşyk oturan iki kişiniň arasyny açman Allah tarapyn özüne nesip edilen namazy okasa, soňra-da ymam münbere çykan wagty sesini çykarman otursa, ol adamyň şol Juma bilen beýleki Jumanyň aralygynaky eden günäleri geçiler”.
"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem bir kişiniň musulman doganyny oturan ýerinden turzup, onuň ýerine özi geçip oturmagyny gadagan etdi”.
Men Nafi’dan: “Bu diňe Juma namazynda şeýlemi? diýip soradym. Ol: “Juma namazynda-da, beýleki namazlarda-da” diýip jogap berdi”.
"
Säib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň, Ebu Bekriň we Omaryň döwürlerinde (Allah olardan razy bolsun) Juma gününiň ilkinji azany ymam münbere çykyp oturan wagty berilerdi. Osman (Allah ondan razy bolsun) halyf bolandan soň Medinäniň halkynyň köpelmegi bilen, ol Az-Zawrada aýdylan üçünji azany goşdy”.
“• Medinedäki bazarda bir ýeriň ady.
• Üçünji azan diýilýäni şu gunki günde Juma namazynda aýdylýan birinji azandyr.Soňky iki azan hutbadan öňki aýdylýan azan bilen hutbadan soňky aýdylýan kamatdyr. Azan bilen kamata ikisine-de azan diýilipdir.
”
Säib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol (başga bir rowaýatda) şeýle diýipdir: “Juma gününiň üçünji azanyny goşan adam, Osman ibn ‘Affandy (Allah ondan razy bolsun!). Ol muny Medinäniň halky köpelendigi sebäpli şeýle edipdi. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň birden artyk azançysy ýokdy. Juma gününiň azany-da ymam münberde oturan wagty aýdylardy”.
Ebu Umama ibn Sähl ibn Huneýfden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Mu’awiýa ibn Ebu Sufýan (Allah olardan razy bolsun) juma günleriniň birinde münbere çykyp oturan eken. Azançy: “Allahu Akbär! Allahu Akbär!” diýende, Mu’awiýe hem: “Allahu Akbär! Allahu Akbär!” diýipdir. Azançy: “Äşhädu ällä ilähä illallah!” diýende, Mu’awiýe: “Wä änä!” (ýagny, muňa menem şaýatlyk edýärin!) diýipdir. Azançy: “Äşhädu ännä Muhammädän Resululläh!” diýende, Mu’awiýa ýene: “Wä änä!” diýipdir. Azançy azan aýdyp bolandan soň Mu’awiýa adamlara ýüzlenip: “Adamlar! Men Allahyň Resulynyň bu ýerde (ýagny münberiň üstünde) oturyp, azançy azan aýdanda, menden eşiden şu sözleriňizi aýdandygyny eşidipdim!” diýipdir”.
Säib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Juma güni ikinji azanyny aýtmagy, mesjide gelýän adamlaryň sanynyň köpelendigi sebäpli, Osman ibn ‘Affan (Allah ondan razy bolsun) emr edipdi we juma gününiň azany, ymam münberde oturan wagty berilerdi”.