Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Biz Ähli-Kitap bilen deňeşdireniňde iň soňky gelenler bolup, Kyýamat gününde ilkinjilerden bolarys! Olara Kitap bizden öň berildi. Bize bolsa olardan soň berildi. Olaryň (bu barada) ylalaşman jedele ýüz uran günleri, şu Juma günüdir. Bize bolsa Allah bu babatda dogry ýoly görkezip, hidaýat etdi. Ýehudylaryň ybadat edýän günleri şu günüň ertesi günüdir. Hristiýanlaryňky bolsa birigünidir”. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) biraz gürlemän durdy.
Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýdi: “Her ýedi günde bir gün gusul almak, başyny we bütin bedenini ýuwmak, kämillik ýaşyna ýeten we Juma namazyna gidýän her bir musulmanyň borjudyr”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Her ýedi günde bir gün gusul almak, Allah Tagalanyň öňünde her bir musulmanyň borjudyr”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Aýallara gijelerine mesjidlere gitmäge rugsat beriň!”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Omaryň bir aýaly bardy. Ol ertir we ýassy namazlaryny her gün mesjitde jemagat bilen okardy. (Bir gün) ondan: “Omaryň muny halamaýandygyny we gabanýandygyny bilip durkaň, näme üçin mesjide çykýarsyň?” diýip soradylar. Ol aýal: “Maňa beýtmegi gadagan etmäge oňa näme päsgel berýär?” diýdi. Ol: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň: “Allahyň gyrnaklaryna (ýagny aýallara), Allahyň mesjidlerine gitmekden gadagan etmäň!” diýen sözidir” diýdiler”.
Muhammed ibn Siriniň doganoglany, Abdulla ibn El-Harisden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Abbas ýagyşly bir gün azançysyna ýüzlenip: “Äşhädu ännä Muhammädän Rasulullah” diýen wagtyň, soňundan: “Haýýa ‘alas-solät” diýme. Onuň ýerine: “Sollu fi buýutikum” (namazyňyzy öýleriňizde okaň!) diýip aýt, diýdi. Onuň bu aýdanlary adamlaryň göwnüne ýakman ýaly boldy. Abdulla ibn Abbas olara: “Muny menden has haýyrly bolan bir adam hem edipdi! Elbetde, bu namaz (Juma namazy) hökman okamaly namazlaryň biridir. Ýöne men size kynçylyk döredip, ýagyşyň aşagynda, palçykda ýöremäge mejbur etmek islemedim” diýdi”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Juma günleri adamlar (Juma namazyny okamak üçin Medinä ýakyn) menzillerinden hem, Awaliden hem gelerdiler. Olar ala tozanyň içinden ýöräp gelendikleri sebäpli, toz-toprak we derleri ornan bedenlerinden deriň ysy gelerdi. Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanymdaka, olardan biri Onuň ýanyna geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Käşgä şu günüňiz üçin bir ýuwunsadyňyz!” diýdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe) adamlar öz işlerini özleri edip (gazanç edýän) adamlardy. Juma namazyna-da iş eşikleri bilen giderdiler. Şol sebäpli hem olara: “Käşgä ýuwunsadyňyz!” diýildi”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Juma namazyny gün günbatara tarap meýl eden wagty okardy”.
Humeýdden rowaýat edilmegine görä, Enes ibn Mälik şeýle diýipdir: “Biz Juma namazyny ir okadyk we gündiz ukusyny (kaýlulany) bolsa, Juma namazyndan soňa goýardyk”.