Enes ibn Mälik (Allah ondan razy bolsun) (bir gün) şeýle diýipdir: “Men size menden soň hiç kimiň aýdyp bermejek bir hadysyny aýdyp bereýin. Men bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Ylmyň azalmagy, nadanlygyň ýaýramagy, zynanyň köpelmegi hem-de bir erkegiň elli aýaly eklemek, boýnunyň borjy boljak derejesinde aýallaryň köpelip, erkekleriň bolsa azalmagy Kyýamatyň alamatlaryndandyr”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşidipdir: “Bir gün Men ýatyrkam, (düýşümde) maňa bir käse süýt getirdiler. Men ol süýtden şeýle bir kän içdim, soňabaka dyrnaklarymyň arasyndan çyg çykyp duruşyny gördüm. Soňra galanyny Omar ibn Hattaba berdim. Sahabalar “Ýa Resulallah, muny nämä ýorduň?” diýip soradylar. Ol “Ylyma” diýip jogap berdi”.
"Abdulla ibn Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Hajjatul-wada’” (hoşlaşyk haç zyýartynda bir näçe wagtlap) Minada sorag berýän adamlaryň öňünde durdy. Şonda bir adam Onuň ýanyna gelip: “Duýman durkam, gurbanlygymy kesmezden öň, saçymy syrypdyryn” diýdi. Ol “Gurbanlygyňy kesiber, zyýany ýokdur” diýip jogap berdi. Ýene bir adam gelip: “Ýatdan çykaryp, daş atmazdan ozal, gurbanlygymy kesipdirin” diýdi. Ol “Daşyňy atyber, zyýany ýok (günä bolmaz)” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden (haç meselesinde) ir ýa-da giç edilen zatlar barada näme soralsa, ol diňe “Ediber, günäsi ýokdur!” diýip jogap bererdi”. "
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem haç zyýaratyny eden wagty, adamlar Oňa (birnäçe) sorag berdiler. (Sorag berýänleriň) biri Oňa: ”Daş atmazdan öň, gurbanlyk kesipdirin?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem eli bilen yşarat edip: “Zyýany ýok!” diýdi. Ýene bir adam “Gurbanlyk kesmezden öň, saçymy syrypdyryn!” diýdi. Oňa-da eli bilen yşarat edip: “Zyýany ýok!” diýdi”.
Sälimiň habar bermegine görä, Ebu Hureýre (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim diýipdir: “(Wagtyň geçmegi bilen), ylym ýitip ýok bolar. Bilimsizlik, nadanlyk we pitneler peýda bolup (olar giňden ýaýrar) hem-de harç köpeler”. Ondan “Ýa Resulallah, harç näme?” diýip soradylar. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (adam) öldürmek diýjek bolup), eli bilen kimdir birini öldürýän ýaly edip görkezdi”.
"Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Aişanyň ýanyna bardym. Ol namaz okap duran eken. Men ondan “Bu adamlara näme bolýar?” diýip soradym. Ol Asmana yşarat edip: “Subhanallah!” diýdi. (Mesjide tarap seredip görsem) adamlar namaz okap duran eken. Men “Bu bir alamatmy?” diýdim. Ol kellesini ýaýkap: “Hawa” diýdi.
Şondan soň menem namaza durdum. Men birden huşumy ýitirip, özümden gitjek boldum. Kelläme suw akdyryp başladym. Namazdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allah Azza we Jellä hamdu-senalar aýdyp, soňundan şeýle diýdi: “Men (ýaňyja) şu duran ýerimde maňa öň hiç görkezilmedik zatlary gördüm, hatda Jennet bilen dowzahy hem gördüm. Şeýle hem Maňa gabyrlaryňyzda dejjalyň synagyna meňzeş ýa-da şoňa golaýrak bir synagdan geçjekdigiňiz barada wahy geldi. (Her bir ölen adamdan) “Bu adam, (ýagny Muhammed) hakda näme bilýärsiň?” diýip soralar. Imanly ýa-da (ynanjy bar bolan) adam “Bu Allahyň ilçisi Muhammetdir. Ol bize anyk subutnamalar we hidaýat (ýagny dogry ýol görkezmek üçin) geldi. Biz Oňa jogap berdik we yzyna eýerdik. Bu Muhammetdir” diýip, üç gezek gaýtalar. Soňra (perişdeler) oňa “Indi, sen arkaýyn dynç al-da ýatyber, çünki biz seniň Oňa berk ynanýadygyňa göz ýetirdik!” diýerler. Munafyk ýa-da (şübhesi bar bolan adam) bolsa “Men bilmedim, men diňe adamlaryň (ol hakda) bir zat aýdanyny eşitdim we menem şol bir zady gaýtaladym” diýip jogap berer”."
"Ebu Jamradan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men Ibn Abbas bilen adamlaryň arasynda terjimeçilik edýärdim. (Bir gün) ol şeýle diýdi:
–Abdulkaýs (taýpasynyň) wekiliýeti Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olardan “Kim bu adamlar? ýa-da (Kim bu wekiliýet?)” diýip sorady. Olar jogap berdiler:
–Rabigadan.
Ol aýtdy:
–Hoş geldiňiz! Allah sizi utandyryp, puşman etdirmesin.
Olar aýtdylar:
–Ýa Resulallah, biz seniň ýanyňa uzak ýerlerden gelýäris. Biziň bilen seniň araňda Mudar taýpasynyň kapyrlary ýerleşýär. Biz seniň ýanyňa diňe Haram aýyndan başga wagt gelip bilmeýäris. Şonuň üçin bize bir zady emr et, biz ony yzymyzda galanlara habar bereli we özümiz hem olary etmek bilen Jennete gireli.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara dört zady emr etdi we dört zady gadagan etdi. Olara ýalňyz Allahyň özüne iman etmegi emr etdi. Soňra:
–Ýalňyz Allahyň özüne iman etmekligiň nämedigini bilýärsiňizmi? diýip sorady. Olar:
–Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir, diýdiler.
Ol şeýle düşündirdi:
–Allahdan başga hiç bir hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň hem Allahyň Ilçisidigine şaýatlyk etmek, namazy berjaý etmek, zekat bermek, Remezan aýynda roza tutmak we oljadan (düşen zatlardan) bäşden birini (beýtul mala) bermekdir, diýdi.
Olara dubbany , hantamy , muzaffaty (Şu’ba şeýle diýdi: belki nakyr, belki-de mukaýýar4 diýendir diýdi) gadagan etdi.
Soňra Ol şeýle diýdi:
–Şulary ýat tutuň hem-de bular hakda yzyňyzdakylara hem habar beriň”."
"U’kba bin Al-Harisden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ol Ebu Ihäb ibn Aziziň gyzyna öýlenenden soň, bir aýal onuň ýanyna gelip: “Men U’kbäni we onuň öýlenen gyzyny (ikisinem) emdiripdim” diýdi. U’kbe oňa “Seniň meni emdirendigiňden habarym ýokdy we sen maňa bu hakda hiç haçan aýtmandyň” diýdi.
Soňra atlanyp, Medinä Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bardy we (bu hakda) Ondan sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Egerde, (siziň süýtdeş dogandygyňyzy) aýdylan bolsa, onda nädip ol (seniň aýalyň bolup galsyn?!)” diýdi.
Şondan soň, U’kba onuň bilen aýrylyşdy we ol aýal başga birine durmuşa çykdy”."
Abdulla ibn Abbasdan rowaýat edilmegine görä, Omar (ibn Hattab) (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Medinäniň ‘Awali diýen ýerinde ýaşaýan, ensarylaryň Benu Umeýýe ibn Zeýd taýpasyndan bolan bir goňşym bardy. Men onuň bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna barmak üçin nobatlaşardym. Bir gün ol barardy, bir gün men barardym. Men baran wagtym, şol günde gelen wahylar barada hem-de başga-da (eşiden) habarlarymy gelip, (goňşyma) aýdyp bererdim. Ol hem baranda edil şonuň ýaly ederdi. Bir gün meniň ensary dostum nobatyndan gaýdyp gelende, gapymy gaty-gaty kakyp: “Ol şol ýerdemi?” diýip (meni) sorady. Men onuň sesini eşidip, gorkup, (derrew) onuň ýanyna çykdym. Ol maňa “Möhüm bir zat boldy...” diýdi. (Soňra Omar Medinä bardy we) şeýle diýdi: “Men Hafsanyň ýanyna girdim. Ol aglap duran eken. Men ondan “Resulullah siziň hemmäňiziň talagyny berdimi?” diýip soradym. Ol ”Bilmedim” diýdi. Soňra men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp, dik duran ýerimden “(Ýa Resulallah), aýallaryň bilen aýrylyşdyňmy?” diýip soradym. Ol “Ýok” diýdi. Men (şonda begenip): “Allahu Akbär!” diýdim”.
"Ebu Mes’ud El-Ensarydan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bir adam gelip: “Ýa Resulallah! Pylany namazy uzak okaýandygy sebäpli, men (käwagtlar) namaza (wagtynda) gelip bilemok” diýdi. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Eý adamlar! Araňyzda adamlary (namazdan we ybadatdan) gaçyryp, (olara ýigrenç döredýänleriňiz) bar. Kim namazda adamlara ymam bolsa, namazyny ýeňil okasyn, çünki yzynda duran adamlaryň içinde ýarawsyzlar, ejizler we işli-derti bolan adamlar bardyr” diýdi.
(Hadysy rowaýat eden Ebu Mes’ud El-Ensary): “Men hiç haçan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) wagyz-nesihat edip duran wagtlary, şol gündäki ýaly gaharlanan wagtyny görmändim” diýdi. "