Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ymam: “Sami’allahu liman hamidah” diýse, siz hem: “Allohummä, Robbänä läkäl hamd” diýiň. Sebäbi, kimiň şol aýdan sözleri, perişdeleriň sözlerine gabat gelse, onuň öňki eden günäleri bagyşlanar”.
"Ebu Selemeden rowaýat edilmegine görä, Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Men size, hökman, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna ýakynrak bir namaz okap görkezerin” diýdi.
Ebu Hureýre öýle, ýassy we ertir namazlarynyň soňky rekagatlarynda: “Sami’allahu liman hamidah” diýeninden soň, adatça, kunut okap, kunutynda mu’minlere doga we kapyrlara bolsa nälet ederdi”.
"
Rifa’a ibn Rafi’ Az-Zurakyýden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň arkasynda durup, namaz okaýardyk. Ol rukugdan başyny galdyranda: “Sami’allahu liman hamidah” diýdi. Onuň yzynda durup namaz okaýanlaryň biri: “Robbänä wä läkäl hamdu. Hamdän, käsiron, toýýibän, mubärokän fihi” (Bol bereketli, iň gowy öwgüler, Allahym, saňa bolsun)” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okap bolandan soňra: “Ýaňky sözleri kim aýtdy?” diýip sorady. Ol hem: “Mendim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Otuzdan gowrak perişdäniň bu sözleri biri-birinden öňürti ýazjak bolup, öz aralarynda ýaryşyp howlugandyklaryny gördüm” diýdi.
Säbitden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Enes (ibn Mälik Allah ondan razy bolsun) bize Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny taryp edip bererdi. Ol namaz okan wagty, rukugdan başyny galdyranyndan soň, şeýle bir uzak wagtlap durardy welin, biz hatda: “Sejdä barmagy unutdymyka” diýerdik”.
Beradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň rukugy, sejdesi, rukugdan başyny galdyran wagty we iki sejdäniň arasyndaky oturan wagtlary, (wagt taýdan) takmynan biri-birine deňräkdi”.
"Ebu Kylabadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Mälik ibn El-Huweýris (Allah ondan razy bolsun) bize Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny görkezerdi. Ol muny namaz wagtynda däl-de, başga bir wagt görkezerdi. Ol (bir gezek görkezmek üçin ýerinden) dik turup, aýak üstünde durdy. Soňra rukuga gitdi we (doly) ornaşýança, rukugda durdy. Soňra başyny galdyryp, azyrak gönelip durdy”.
Ol bize edil şu şeýhimiz Ebu Bureýdiň namaz okaýşy ýaly namaz okap görkezdi. Ebu Bureýd, haçan-da, ikinji sejdeden başyny galdyrandan soň, (dik turmazdan öň) azrak oturyp, soňra ýerinden dik turardy”.
"
"Ebu Bekr ibn Abdurrahman ibn El-Haris ibn Hişämyň we Ebu Seleme ibn Abdurrahmanyň habar bermeklerine görä, olar şeýle diýipdirler: “Ebu Hureýre hemişe, remezanda bolsun ýa-da başga aýlarda bolsun, parz namazlarda we beýleki ähli namazlarda, tekbir alardy.
Ol namaza duranda ilki tekbir alardy. Soňra rukuga gidende tekbir alardy. Soňra (rukugdan başyny galdyran wagty): “Sami’allahu liman hamidah” diýerdi. Soňra sejdä gitmezden öň “Robbänä wä läkäl hamd” diýerdi. Soňra sejdä giden wagty, “Allahu Akbär” diýip giderdi. Soňra sejdeden başyny galdyran wagty, tekbir alardy. Soňra ikinji sejdäni eden wagty hem tekbir alardy. Soňra sejdeden başyny galdyran wagty, ýene tekbir alardy. Şeýle hem, ikinji rekagatdan soň oturyp, ýerinden galan wagty hem tekbir alardy. Şeýdip, tä namaz okap bolýança, her rekagatda şu şekilde ederdi.
Soňra namaz okap bolandan soň: “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, içiňizde Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna iň köp meňzeýän namaz meniň namazymdyr. Onuň okan namazy tä, şu dünýäni terk edýänçä, şu şekilde-di” diýip aýdardy”.
"
"Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem başyny galdyranda: “Sami’allahu liman hamidah, Robbänä wä läkäl hamd” diýerdi-de, atlaryny tutup, bir topar adamlar üçin doga edip şeýle diýerdi: “Allahym! Welid ibn Welidi, Seleme ibn Hişami, ‘Aýýaş ibn Ebu Rabi’any hem-de kapyrlaryň elinde horluk çekip, güýçsiz we ejiz saýylýan beýleki mu’minleri halas et! Allahym! Mudar tiresine has beter azap ber, olaryň ýaşan bu ýyllaryny Yusup aleýhissalamyň azaply ýyllaryna meňzet!”
Şol döwürde Mudar tiresiniň gündogar tarapdaky bölegi Oňa garşy çykardy”.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem atdan ýykylyp, (sag tarapyny) sypjyrtdy. Biz Ony soramak üçin ýanyna girdik. Şol wagt hem namazyň wagty boldy. Ol oturyp namaz okady, biz hem oturdyk. (Sufýan bir gezek: “Biz hem oturyp namaz okadyk” diýip gürrüň beripdi). Namaz okap bolandan soň şeýle diýdi: “Elbetde, ymam oňa uýmak üçin bellenýändir. Ymam: “Allahu Akbär” diýse, siz hem “Allahu Akbär” diýiň. Rukuga gitse, siz hem rukug gidiň, başyny galdyrsa, siz hem galdyryň. Ymam: “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty, siz: “Robbänä wä läkäl-hämd” diýiň. Sejdä giden wagty, siz hem sejdä gidiň”.