"Mutarryf ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men ‘Ymran ibn Husoýn bilen birlikde Alynyň (Allah ondan razy bolsun) yzynda durup, namaz okadym. Aly her gezek sejde edende we sejdeden başyny galdyranda we ikinji rekagatdan dik turanda tekbir alyp, “Allahu Akbär” diýerdi. Namaz okap bolandan soň, ‘Ymran ibn Husoýn meniň elimden tutup: “Bu adam maňa Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň namazyny ýatlatdy” ýa-da “Bu adam bize edil Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşy ýaly namaz okap berdi” diýdi.
"
‘Ykrimeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Makamy Ibrahymyň ýanynda bir adamy gördüm. Ol her gezek eglende we turanda, dik turanda we oturanda, tekbir alyp “Allahu Akbär” diýerdi. Men muny Ibn Abbasa (Allah ondan razy bolsun) habar berdim. Ol şonda “Heý, ejesiz galan , Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazy hem şonuň ýaly dälmidi näme?” diýdi.
Katadadan rowaýat edilmegine görä, ‘Ykrime şeýle diýipdir: “Men bir gezek Mekgede bir garry adamyň arkasynda durup, namaz okadym. Ol ýigrimi iki gezek tekbir aldy. Men Ibn Abbasa: “Ol adam akmak” diýdim. Ol bolsa: “Ejeň seni ýitirsin . Bu Ebul-Kasym sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetidir” diýdi.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem namaz okamaga duranda, “Allahu Akbär” diýip tekbir alardy. Soňra rukuga gidende-de tekbir alardy. Soňra rukugdan dikelip, bilini dogurlap barýarka: “Sami’al-lahu liman hamidah”, dikelenden soň bolsa: “Robbänä läkäl hamd” diýerdi.
(Abdulla ibn Salih, Leýsden eden rowaýatynda: “(Robbänä) wa lakal-hamd” diýipdir.)
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sejdä gidip barýarka tekbir alardy. Soňra sejdeden başyny galdyranda tekbir alardy. Soňra ikinji sejdä gidende ýene tekbir alardy. Soňra başyny sejdeden galdyranda tekbir alardy. Soňra namazyny tamamlaýança, tutuş namazynyň dowamynda şeýle ederdi. Ikinji rekagatdan soň oturyp, soňra aýaga galanda-da tekbir alardy”.
"
Mus’ab ibn Sa’ddan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men kakam (Ebu Wakkasyň) ýanynda namaz okadym. Rukugda iki elimiň aýasyny birleşdirip, soňra ellerimi iki uýlugymyň arasynda goýdum. Kakam maňa muny gadagan edip şele diýdi: “Bizem öň şeýle ederdik, ýöne soňra bu bize gadagan edildi. Bize ellerimizi dyzlarymyzyň üstünde goýmak emr edildi”.
Zeýd ibn Wähbden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Huzeýfe namazynda rukugyny we sejdesini doly ýerine ýetirmeýän bir adamy gördi. Huzeýfe oňa: “Sen namaz okamadyň. Eger sen şu ýagdaýda ölen bolsadyň, onda sen Allahyň Muhammed sallallahu aleýhi wesellemi ýaradan fytratyndan başga fytratda (ýagny, Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetinden başga (bir ýolda) öldügiň bolardy!” diýdi.
Beradan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň kyýamyndan (ýagny, dik duran wagtyndan) hem-de oturan wagtyndan başga, rukugy, sejdesi, iki sejde arasyndaky oturyşy we rukugdan başyny galdyrandaky wagtlary (wagt taýdan) biri-birine takmynan meňzeşdi”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellem mesjide girdi. Şol wagt başga biri-de mesjide girip namaz okady. Soňra gelip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salam berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň salamyny alandan soň: “Yzyňa git-de, namazyňy täzeden oka. Çünki sen namaz okamadyň” diýdi. Ol adam yzyna dolanyp, namaz okady, soňra ýene gelip Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salam berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Yzyňa git-de, namazyňy gaýtadan oka. Çünki sen namaz okamadyň” diýdi. Bu ýagdaý şeýdip, üç gezek gaýtalandy. Iň soňunda ol adam: “Seni hak bilen iberenden kasam edýärin, mundan başga hili namaz okalyşyny bilmeýärin. Maňa dogrusyny öwret!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýdi: “Namaz okamaga duranyňda ilki “Allahu Akbär” diýip, tekbir al. Soňra Kuranyň aýatlaryndan ýat tutanlaryňdan özüňe iň aňsat düşýänini oka. Soňra rukuga gidip, tä, beden agzalaryň ýerli-ýerine barýança dur. Soňra başyňy galdyryp, aýak üstünde doly dikelýänçäň dur. Soňra sejdä gidip, beden agzalaryň ýerli-ýerine barýança sejde-de dur. Soňra sejdeden başyňy galdyryp, beden agzalaryň barmaly ýerine barýança, dur. Soňra ýene sejdä gidip, beden agzalaryň ýerli-ýerine barýança sejde-de dur. Tutuş namazyňda şeýle et” diýdi.
"
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem rukugynda we sejdesinde şeýle diýerdi: “Subhänäkäl-Lahummä, Robbänä wä bihämdikä, Ällahummäg-fir li”.
(Manysy: “Eý biziň Robbumyz bolan Allahym! Saňa mahsus bolan öwgiler bilen tesbih edýärin. Allahym meni bagyşla!”)
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Sami’al-lahu liman hamidah” diýenden soňra, “Allohummä Robbänä wä läkäl hamd” diýerdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem rukug edende we başyny galdyranda tekbir alardy. Iki sapar sejde edip bolandan soňra dik turan wagty “Allahu Akbär” diýerdi”.