‘Adiýden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Bara ibn Azibden (Allah ondan razy bolsun) eşitdim. (Ol şeýle diýdi)”: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sapardady. Ol ýassy namazynyň iki rekagatynyň birinde: “Wät-tini wäz-zeýtuny” süresini okady”.
Ebu Rafi’dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Ebu Hureýre bilen ýassy namazyny okadym. Ol şonda: “Izäs-sämäuň-şakkat” süresini okap, sejde etmeli ýerinde seje etdi. Men ondan: “Bu näme?”diýip soranymda, ol: “Men bu sejdäni Ebul-Kasym sallallahu aleýhi wesellemiň arkasynda edipdim. Men tä, Oňa duşýançam bu süre okalan wagtynda mydama sejde edip duraryn” diýdi.
‘Adiý ibn Säbitden rowaýat edilmegine görä, ol, Bara ibn Azibiň (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýendigini eşidipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýassy namazynda: “Wät-tini wäz-zeýtuny” süresini okandygyny eşitdim. Men Ondan has owadan sesli ýa-da kyratly hiç bir kişini diňläp görmedim” diýdi.
Jäbir ibn Semuradan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Omar Sa’d ibn Ebu Wakkasa şeýle diýipdir: “(Eý, Sa’d) kufalylar seniň her bir işiňden nägile bolyp, hatda seniň okaýan namazyňdan hem arzy-şikaýat etdiler” diýdi. Sa’d şonda Omara ýüzlenip şeýle diýdi: “Men özüm barada aýtsam, namazyň ilkinji iki rekagatyny uzagrak, soňky iki rekagatyny bolsa ýeňilräk okardym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzyna uýup okadygym namazdan hiç bir zady kemeltmedim” diýdi. Omar: “Sen dogry aýtdyň. Sen hakda çak edişimiz (ýa-da meniň çak edişim) hem şeýledi!” diýdi.
"Seýýar ibn Selämeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gün) kakam bilen bilelikde Ebu Barza Al-Asläminiň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna girdim. Biz ondan namazlaryň wagty hakynda soradyk. Ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle namazyňyzy, Gün günortadan günbatara tarap meýil edip başlan badyna okardy.
Ikindi namazyny okap bolandan soňra bolsa, biziň birimiz Medinäniň iň uzak çetinde ýerleşýän öýüne dolanyp baran mahalynda-da, Gün diri bolup, (henizem özüniň gyzgynlygyny ýitirmezdi.)
(Bu hadysy rowaýat eden adam): “Agşam namazy hakynda aýdan sözlerini ýadymdan çykarypdyryn” diýdi.
Ol ýene-de şeýle diýdi: “Ýassy namazyny gijäniň üçden biri geçýänçä, gijikdirip okap bilerdi. Ýassy namazyndan öň uklamagy we namazdan soň bolsa gürleşip oturmagy halamazdy. Ol ertir namazyny okap bolandan soň, adamlar çykyp gidende (namaz okan wagty) ýanyndaky oturanyň kimdigini tanap başlardylar. Ol iki rekagatynda ýa-da diňe bir rekagatynda, altmyş aýatdan ýüz aýata çenli Kuran okardy”.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Her namazda Kuran okalýandyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bize eşitdirenlerini biz hem size eşitdirýäris. Bizden gizlin okanlaryny biz hem sizden gizlin okaýarys. “Fatihadan” başga hiç zat okamasaň hem ýeterlik bolar. Ýöne şondan artyk okasaň, özüňe has haýyrly bolar”.
"Abdulla ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ‘Ukaz bazaryna gitmek üçin birnäçe sahabasy bilen ýola düşdi. Şol döwürler şeýtanlaryň asmandan habar almaklarynyň öňi alnan döwür bolup, olar habar almak üçin ýokary galanlarynda, üstlerine şihäb otlary sowrulýardy. Asmandan kowlan şeýtanlar öz kowumlarynyň ýanyna gaýdyp gelenlerinde, olardan: “Size näme boldy?” diýip sorapdyrlar. Olar hem: “Biz asmandan habar almakdan çetleşdirildik. Biziň üstümize gökdäki şihäb otlary zyňyldy” diýipdirler. Olara: “Siziň asman habarlaryny almagyňyza päsgel berýän näme-de bolsa, diňe täze peýda bolan bir zat bolmaly. Ýeriň gündogaryny, günbataryny aýlanyň-da asmandan habar almagyňyza päsgel beren bu zadyň nämedigini biljek boluň” diýipdirler.
Olaryň arasyndan sogurulyp, Tihama tarapyna ugran bir topar, ‘Ukaz bazaryna gitmek üçin Nahla diýilýän ýerde düşlän, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna barypdyrlar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol ýerde sahabalar bilen ertir namazyny okap durdylar. Şeýtanlar Kurany eşidip, oňa gulak salypdyrlar-da, biri-birlerine: “Wallahi, asmandan habar almakdan bizi çetleşdiren, ine, şu bolmaly” diýişipdirler. Soňra hem olar öz kowumlarynyň arasyna dolanyp baryp: “Eý, kowumdaşlar! “Takyk, biz dogry ýoly görkezýän ajaýyp bir Kurany diňledik we oňa iman etdik. Biz mundan soň hiç haçan Perwerdigärimize hiç kimi şärik goşmarys” {Jyn:2} diýipdirler. Soňra Allah Öz Pygamberi sallallahu aleýhi weselleme şu (aýatlary) inderdi: “Aýt (Eý, Muhammed!): “Maňa jynlardan bir toparyň Kurany diňländikleri wahyý edildi” {Jyn:1}. Şeýdip şu süräniň üsti bilen Oňa jynlaryň öz ara gürrüňleri habar berildi”.
"
“• ‘Ukaz – Mekgeden 100 km uzaklykda, ýylda gurnalýan ýarmarkanyň ady.
• Jynlar asmana çykyp, Perişdeleriň arasynda Allahyň buýruklaryny diňlär ekenler. Soňra ýerde olary aýdyp bererler ekenler.
• Tihama – Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýän bir ýeriň ady.
”
‘Ykrimeden rowaýat edilmegine görä, Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem özüne emr edilen ýerde okady . Edil şonuň ýaly özüne emr edilen ýerde-de dymdy ”. (Sözlerini subut etmek üçin şu aýatlary okapdyr): “Seniň Perwerdigäriň (hiç zady) unudyjy däldir” {Merýem:64}. “Allahyň Pygamberinde siziň üçin gözel görelde bardyr” {Ahzab:21}.
“• Bu ýerde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýatlary daşyndan okandygyny aýdylýar.
• Bu ýerde bolsa, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýatlary içinden okandygyny aýdylýar.
”
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ensarylardan bir adam Kuba mesjidinde öz kowumyna ymam bolup namaz okap berer eken. Ol her gezek (“Elhemden” soň) sürelerden birini okajak bolanda, ilki bilen “Kulhuwallany” okap, ondan soň ýene başga bir süre okardy. Ol her rekagatda şeýle eden soň, ýoldaşlary oňa: “Sen şu süräni okaýarsyň, soňra muny ýeterlik görmän, ýene başga bir süre hem okaýarsyň. Ýa diňe bu süre bilen kanagatlan, ýa-da ony okaman, başga bir süre oka ” diýdiler. Ol hem: “Men muny asla terk etmeýän. Siz meniň şeýdip, ymam bolup bermegime razy bolsaňyz, men size ymam bolaryn. Islemeseňiz hem men sizi taşlap gidiberjek” diýdi. Ýöne olar bu adamy öz aralarynda iň gowy adamlaryň biri hasaplandyklary üçin başga biriniň özlerine ymam bolmagyny hem islemändirler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olaryň ýanyna gelen wagty Oňa muny habar beripdirler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama: “Eý pylany, ýoldaşlaryň maslahatyna eýermäge saňa näme päsgel berýär? Saňa her rekagatda bu süräni okamaga itergi berýän zat näme?” diýip sorady. Ol adam: “Men bu süräni söýýärin” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama: “Oňa bolan söýgiň, seni Jennete saljakdyr” diýdi.
"
Ebu Wailden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Ibn Mesu’dyň ýanyna biri gelip: “Şu gije men “Mufassal” süreleriniň hemmesini (ýagny, “Kaf” süresinden başlap, tä Kuranyň ahyryna çenli) bir rekagatda okadym” diýdi. Ibn Mesu’d hem oňa: “Şygyr okan ýaly çalt-çaltdan okadyňmy? Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň haýsy süreleri biri-birleri bilen birleşdirip okandygyny bilýärin” diýip, her rekagatda iki-ikiden okalan süreler hökmünde “Mufassaldan” ýigrimi sany süräni sanap berdi”.