"Ebu Kyläbeden rowaýat edilmegine görä, ol Mälik ibn Huweýrisiň şeýle namaz okap durandygyny görüpdir.
“Ol namaza duranda, tekbir aldy we ellerini ýokaryk galdyrdy. Rukuga gitmekçi bolanda ellerini ýokaryk galdyrdy. Başyny rukugdan galdyran wagty ýene-de ellerini ýokaryk galdyrdy. Ol Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň hem şeýle edendigini habar berdi”.
"
Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň iftitah tekbirini alanyny gördüm. Ol bu tekbiri alan wagty, iki elini eginleriniň barabaryna çenli galdyrdy. Rukuga gitmek üçin tekbir alanda-da şeýle etdi. “Sämi’allahu limän hämidäh” diýnde-de ýene şeýle etdi. Soňra “Robbänä, wä läkäl-hämd” diýdi. Ol sejdä gidende-de we sejdeden başyny galdyranda-da, ellerini galdyrmady”.
Nafigdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah ondan razy bolsun) namaz okamaga başlanda, “Allahu Akbär” diýip, ellerini ýokary galdyrardy. Rukuga gidende-de, ellerini galdyrardy. Haçan-da, “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty hem ellerini ýokary galdyrardy. Ikinji rekagatdan soň aýaga galanda hem ýene ellerini ýokary galdyrardy. Ibn Omar bu eden hereketlerini Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýöňkärdi (ýagny, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden görüp, şeýle edendigini aýdardy) ”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siz meniň kyblam (diňe) şu ýer diýip pikir edýärsiňizmi? Allahdan ant içýärin, siziň ne rukugyňyz, ne-de huşugyňyz menden gizlin galyp bilýän däldir, çünki men sizi arkamdan hem görýändirin”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Rukuglaryňyzy we sejdeleriňizi dogry we doly berjaý ediň. Allahdan ant içýärin, Men sizi yzymdan hem görüp bilýändirin”. Belki-de, Onuň şeýle diýen bolmagy mümkin: “Rukug we sejde edeniňizde-de, men sizi arkamdan-da görýändirin”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Ebu Bekr we Omar dagy (Allah olardan razy bolsun) namaza mydama: “Älhämdu lillähi robbil ‘Alämin” bilen başlardylar” .
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem iftitah (başlangyç) tekbiri bilen kyratyň aralygynda biraz wagtlap dymyp durardy. Men bir gezek ondan: “Ejem-kakam saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Tekbir bilen kyratyň (Elhemiň) aralygynda dymyp duran wagtyň näme diýýärsiň?” diýip soradym. Ol şeýle diýýärin diýdi: “Allahummä! Ba’yd bäýni wä bäýnä hotoýäýä, kämä bä’adtä bäýnäl-mäşryky wäl-mägribi. Allahummä! Näkkini minäl-hotoýä kämä ýunäkkäs-säwbul äbýädu minäd-dänäsi. Allahummä-gsil hotoýäýä bil-mäi wäs-sälji wäl-bärodi”.
(Allahym, gündogar bilen günbataryň arasyny açyşyň ýaly, meni günälerimden daş et! Allahym, ak mata kir-kimirden nähili arassalanýan bolsa, meni şonuň ýaly edip günälerimden arassala! Allahym, Meniň günälerimi suw, gar bilen we doly bilen ýuwup (arassala).
"
"Ebu Bekriň gyzy Esmadan (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Kusuf namazyny okady. Ol kyýamda uzak wagtlap dik durdy, soň rukuga gidip, rukugyny esli uzaltdy. Soňra başyny galdyryp, uzak wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuga gidip, uzak wagtlap rukugda durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra dik turyp, uzak wagtlap kyýamda durdy.
Soňra rukuga gidip, rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra başyny galdyryp, esli wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuga gidip, rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra (rukugdan) başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, ony köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soň ýene sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra namazdan çykyp, şeýle diýdi:
“Jennet maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin, eger men het eden bolsam, Jennet salkymlarynyň birini alyp size getirip bilerdim. Jähennem hem maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin: “Eý, Robbum! (indi) Menem olar bilen bile bolmalymy?” diýiberdim. Şol ýerde bir aýaly gördüm. Ony bir pişik dyrnaçaklap durdy. Men: “Munuň näme günäsi bar?” diýip soradym. Olar: “ Bu aýal bu pişigi ölýänçä gulp astynda saklap, ne iýjegini berdi, ne-de özi iýer ýaly boşadyp goýberipdir” diýdiler.
Bu hadysy rowaýat eden Nafig: “(Hatda pişigi) ýer ýüzündäki mör-möjeklerden iýer ýaly hem goýbermändir)” diýdi.
"
“• Gün ýa-da Aý tutulan wagty okalýan namaza Kusuf namazy diýilýär.
• Kyýam – namazda dik durulýan wagt.
• Kusuf namazynyň aýratynlygy ol iki rekagat sünnet namazy bolup, onda iki rukug, iki kyýam (kyratlary bilen) we iki sejde bardyr. Kyýamda dik duran wagtyň, Kurany uzgrak okamalydyr. Ony Gün ýa-da Aý tutulandan soň, tä açylýança okamalydyr. • Mesjitde jemagat bilen okalsa, has gowudyr.
”
Ebu Ma’mardan habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Habbab ibn Aratdan (Allah ondan razy bolsun): “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem öýle we ikindi namazlarynda Kuran okaýardymy?” diýip soradyk. Ol “Hawa” diýip jogap berdi. Biz ondan: “Siz ony nädip bilýärdiňiz?” diýip soradyk. Ol: “Sakgalynyň gymyldap durşundan” diýip jogap berdi”.