Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Men namaza duranymda, ony uzagyrak okamak isleýärin, yzdan bir çaganyň aglaýan sesini eşidenimde, onuň ejesine kynçylyk döretmäýin diýip, ýene namazymy gysgaldýaryn”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýaly namazy ýeňil we doly, kämil görnüşde okaýan hiç bir ymamyň arkasynda hiç wagt namaza durup görmedim. Ol, haçan-da, çaganyň aglaýan sesini eşidende, ejesiniň pitnä düşmeginden (ýagny gynanyp aljyramagyndan) gorkup, derrew namazyny ýeňlederdi”.
Enes ibn Mäligiň (Allah ondan razy bolsun) gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Men namaza girenimde, men ony uzagyrak okamak isleýärin. Birden aglap duran çaganyň sesini eşidenimde, çagasynyň aglamagyna ejesiniň gaty gynanýandygyny bilýänligim üçin, namazymy gysgaldýaryn”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Men namaza başlanymda, ony uzagyrak okamak isleýärin, ýöne haçanda çaganyň aglaýan sesini eşidenimde, ejesiniň çagasynyň aglamagyndan biynjalyk bolup durjagyny bilip, ony gysga okaýaryn”.
Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Mu’az ibn Jebel (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okardy, soňra ol kowumynyň ýanyna baryp, olara-da ymam bolup (namazlaryny okap bererdi)”.
"El-Eswed (ibn Zeýdden) habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aradan çykmagyna sebäp bolan keseli bilen kesellän döwründe, Bilal onuň ýanyna gelip namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ebu Bekre buýryň, namaz okap bersin ” diýdi. Men: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Seniň ýeriňde dursa, aglap Kuran okap bilmez” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Ebu Bekre buýryň, namaz okap bersin” diýdi. Men ýene şol sözümi gaýtaladym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçünji ýa-da dördünji gezeginde (gahar bilen): “Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz. Ebu Bekre buýryň, adamlara namazy şol okap bersin!” diýdi. Soňra Ebu Bekr namaz okamaga başlady.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki adama daýanyp, öýünden çykdy. Aýaklaryny zordan ýerden süýreýşi häzirem gözümiň öňünden gidenok. Ebu Bekr ony gören badyna yza çekilmäge başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Namazyňy dowam et” diýip, oňa yşarat etdi. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) yza süýşdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gapdalyna oturdy. Ebu Bekr tekbirleri (gaýtalap) adamlara eşitdirýärdi”.
"
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agyrlaşan wagty Bilal onuň ýanyna gelip namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Ol: “Ebu Bekre buyryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Men şonda: “Ýa Resulallah! Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Ol Seniň ornuňda (ymam bolup) duran wagty, adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Bu işi Omara buýursaňyz!” diýdim. Ol: “Ebu Bekre buyryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Men Hafsa haýyş edip: “Sen Oňa: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Ol Seniň ornuňda (ymam bolup) duran wagty, adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Bu işi Omara buýuraýsaňyz!” diýip aýdyp ber” diýdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz. Ebu Bekre buýryň, adamlara namazy şol okap bersin!” diýdi.
Ebu Bekr namaza girip başlandan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem özüni birneme ýeňil duýup, ýerinden turdy we iki adama daýanyp, aýaklary zordan ýerden süýrene-süýrene mesjide girdi.
Ebu Bekr Onuň ýuwaşlyk bilen gelýän sesini eşidende, yza çekiljek boldy, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa (ýeriňde dur diýip) yşarat etdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelip, Ebu Bekriň çep tarapynda oturdy. Ebu Bekr dik durup namaz okady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa namazyny oturyp okady. Ebu Bekr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna uýyp, adamlar bolsa Ebu Bekriň (Allah ondan razy bolsun) namazyna uýup, namaz okaýardylar”.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (öýle ýa-da ikindi namazyny) iki rekagat okap, namazdan çykyp gitdi. Zul-ýedeýn Oňa: “Eý, Allahyň Resuly, namaz gysgaldymy, ýa ýatdan çykardyňmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zul-ýedeýniň aýdýanlary dogrumy?” diýip sorady. Adamlar: “Hawa” diýdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup, galan iki rekagat namazyny okady, soňra (iki egnine) salam berdi. Soňra “Allahu Akbär!” diýip, öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagyrak edip sejde (sähw) etdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle namazyny iki rekagat okady. Oňa: “Iki rekagat okadyň!” diýildi. Ol ýene-de iki rekagat namaz okady. Soňra (egnine) salam berip, soňundan iki gezek sejde (sähw) etdi”.
"Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassalan wagty “Ebu Bekre buýryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Aişa: “Men şonda: “Ebu Bekr Seniň ornuňda dursa, aglamakdan ýaňa adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Omara buýr, goý ol okap bersin!” diýdim”. Ol: “Ebu Bekre buýryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Aişa Hafsa haýyş edip: “Sen Oňa: “Ebu Bekr Seniň ornuňda (ymam bolup) duran wagty, aglamakdan ýaňa adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Omara buýur, goý ol adamlara namaz okap bersin!” diýip aýt” diýdi.
Hafsa aýdyşy ýaly etdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Goý, indi, gepleme! Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz! Baryň, Ebu Bekre buýryň, adamlara namazy şol okap bersin” diýdi.
Şondan soň Hafsa Aişa ýüzlenip: “Hiç haçan senden maňa haýyr gelmändi” diýdi.
"