Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir kişiniň jemagat bilen okan namazy, öýünde ýa-da bazarda okan namazyndan ýigrimi bäş esse artykdyr. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi şudur: Eger-de, ol diňe namaz okamak niýeti bilen gowy edip täret alandan soňra mesjide tarap çykyp gitse, her bir äden ädimi üçin bir dereje beýgeler we bir günäsi geçiler. Ol namazyny okap, namaz okan ýerinde durdugyça, perişdeler oňa: “Allahym! Ony bagyşla. Allahym! Oňa merhemet et” diýip, dowamly doga edip durarlar. Siziň biriňiz namaz okamak üçin näçe wagtlap garaşyp durdugyça, namazyň içinde ýaly hasap ediler”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim” diýipdir: “Jemgatly okalan namaz siziň biriňiziň ýeke özüniň okan namazyndan derejesi ýigrimi bäş esse artykdyr. Gijeki perişdeleri bilen gündizki perişdeler ertir namazynda duşuşarlar”. Soňra Ebu Hureýre “Eger isleseňiz, şu aýaty okap göräýiň” diýdi: “Çünki ir bilen okalan Kuran , şaýatlydyr” {Isra:78}.
Ummud-Derdäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Ebud-Derdä gaharly halynda meniň ýanyma geldi. Men ondan: “Nämä gaharyňy getirdi?” diýip soradym. Ol: “Allahdan ant içýärin, Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň ymmatynyň (edýän zatlarynyň içinde) jemagatly okaýan namazlaryndan başga hiç bir zady tanap bilemok” diýdi.
Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namazdan iň köp sogap gazanjak adam, mesjide uzak ýerlerden ýöräp baran adamdyr. Ymam bilen okamak üçin namaza garaşan adamyň sogaby, namaz okap, ýatan adamyň sogabyndan has uludyr”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam ýol bilen ýöräp barýarka, ýoluň üstünde ýatan bir tikenli şahanyň üstünden bardy. Ol şahany alyp, ýoluň gyrasyna taşlady. Allah Tagala onuň bu eden işinden hoşal bolup, onuň günälerini bagyşlady”.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Şehitler bäş hilidir: Tagun (mergiden) ölen, garyn-iç kesellerinden ölen, suwa gark bolan, (ýer titremede we ş.m-de) üstünden zat gaçyp ölen we Allah Tagalanyň ýolunda şehit bolan”. Soňra ýene-de şeýle diýdi: “Eger-de, adamlar azan aýtmakda we birinji hatarda durmakda nähili sogaplaryň bardygyny bilseler-di, olar bulary etmek üçin öz aralarynda bije çekmelem bolsalar, hökman çekerdiler”.
“Eger-de, adamlar öýle namazynyň (wagty giren badyna) okamaklygyň sogabyny bilseler-di, onda olar öň barjak bolup, biri-birleri bilen ýaryşardylar. Eger-de, adamlar ýassy we ertir namazyny (mesjitde jemagat bolup okamaklygyň) sogabyny bilseler-di, olar emedekläp, süýrenip gitmelem bolsalar giderdiler”.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Benu Selime taýpasyna): “Eý, selime ogullary! Siz (mesjide barmak üçin) äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?” diýdi.
Allah Tagalnyň Ýasin süresiniň 12-nji aýatyndaky: “Biz olaryň öň eden (işlerini) hem-de (soňky galdyrjak) yzlaryny hem ýazarys” diýen aýatyndaky “yzlaryny” diýen sözüni, Mujähid “ädimlerini” diýip düşündiripdir.”
"
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Benu selime tiresi öýlerini terk edip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öýüne golaýrak bir ýere göçüp gelmekçi boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň çet taraplarynyň goragsyz, boş galmagyny islemän, olara: Siz, näme, (mesjide barmak üçin) äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?” diýdi.
Mujahid: “Olaryň äden ädimleri, Ýeriň ýüzünde ýörän wagtlary aýaklary bilen galdyran yzlarydyr” diýipdir.
"